Häzirki zaman MMA äleminde köp janköýerlere Habib Nurmagomedow hemde Konor Makgregoryň ady gyzykly.

Ýöne,şeýle bir urşujy bar,onuň eden işiniň häzirki döwürde hiç kim hötdesinden gelip bilenok.XXI asyryň ilkinji on ýyllygynyň iň güýçli urşujysy, 2003-2010 ýyllaryň dowamynda MMA äleminde iň meşhur sportçy. «ESPN», «Sherdog», «Full Contact Fighter», «MMA Weekly», «Nokaut» kompaniýalary tarapyndan iň güýçli garyşyk söweş ussady diýip yglan etdilen. Şol döwür aralygynda agramyna seretmezden birinji belgili sportçy, «Soňky imperator» - Fýodor Ýemelýanenko.



Ýaşlygy,sporta gyzyklanmagy,karýerasynyň başlanmagy.

Fýodor 1976 ýyl 28 sentýabr güni Ukraýinada Wladimir Aleksandrowiçiň maşgalasynda eneden dogulýar. Fýodor on ýaşynda sambo we dzýudo bilen meşgullanyp başlaýar. Sporta juda üns berenliginden gijesi bilen zalda galyp gidýärdi. Birnäçe ýyldan soň Wladimir Woronowyň ýolbaşçylygyndaky sport klubyna agza boldy. Ýaşlygyndan sporta baryny berip,doly güýjünde türgenleşdi. Munuň netijesinde,ýigrimi bir ýaşynda sambo boýunça Kurskide geçirilen turnirden soň Rossiýa sport ussady diýen derejäni aldy. Bir ýyldan soň bolsa Halkara derejesindäki sport ussady diýen derejä eýe boldy. 1999 ýylda Rossiýa sambo milli ýygyndysyna çagyryldy we milli ýygyndysy bilen Ýewropa çempiýonlygyny gazandy. 2000 ýyldan boks bilen çynlakaý meşgullanyp başlady. Şeýdip Ýemelýanenko assa-ýuwaş MMA geldi.


RINGS

Ýaponiýanyň «RINGS» kompaniýasy Fýodor bilen şertnama baglaşan ilkinji MMA guramasy hasaplanýar. «RINGS» baýragynyň astynda rossiýaly urşujy on bir gezek oktagona çykyp, Rikardu Arona we Renatu "Babalu" Sobral ýaly güýçli sportçulary ýeňmegi başardy. Iki gezek agyr agram çempionlugyny gazandy. MMA daky ilkinji ýeňlişini hem «RINGS»daky söweşinde- ýaponiýaly Suýosi Kosakiden kabul edip aldy.


Pride

«Soňky imperator» «RINGS»da çempion bolandan soň «Pride» bilen şertnama baglaşdy. «Pride» şol döwürdäki iň güýçli gurama hasaplanýardy. Fýodor 2002 ýylyň 23 iýunynda debýut(ilkinji) söweşinde özünden 30 sm uzyn bolan Semmi Shilti ynamly ýeňlişe sezewar etdi. Ikinji söweşinde Amerikaly Hit Herringe garşy oktagona çykdy. Bu söweş faworiti Hit hasaplanan bolsada Fýodor güýçli garşydaşyny birinji raundda tehnik nakaut bilen ýeňdi. Bu ýeňşi üçin "Pride" çempiony braziliýaly Antoniu Rodrigu Nogeýra bilen söweşmek mümkinçiligini gazandy. Nogeýro Ýemelýanenko bilen söweşe çenli yzly-yzyna üç söeeşinde ýeňiş gazanypdy. Muňa seretmezden Ýemelýanenko öz söýgüli usuly «граунд-энд-паунд» bilen garşydaşyna güýçli urgular geçirdi. Söweşden soň eminler bir agyzdan Rossiýaly urşujyň ýeňşini yglan etdiler. Şeýdip, «Soňky imperator» "Pride" çempiony boldy. 2003 ýylda Fýodor ýene üç gezek oktagona çykdy we hemmesinde ýeňiş gazandy.« Pride Heavyweight Grand Prix 2004» turnirinde öňki UFC söweşijisi «Pride Grand Prix 2000» çempiony Mark Koulmen söweşdi. Bu söweşde hem garşydaşyny ýeňdi. Bu söweşden soň, 2004-2005 ýylda jemi ýedi gezek oktagona çykdy we hemmesinde garşydaşlarny "mynjyratdy". 2005 ýylyň 31 dekabrynda "Pride" taryhyna giren söweş boldy. Sebäbi,şu güni Fýodor "Pride" taryhyndaky iň tiz nokauty öz adyna ýazdyrdy. "Imperatora" braziliýaly Zuluzinýuny ýeňmek üçin bary-ýogy 26 sekunt gerek boldy. Fýodor garşydaşlaryny yzly-yzyna ýeňmegi dowam etdi,ýöne garaşylmadyk ýagdaýda 2006 ýylda "Pride" bankrot boldy. Şeýdip Fýodor, täze promouşen "BodogFight" bilen şertnama baglaşdy.


BodogFight

Ýemelýanenko bu promouşen bilen şertnama baglaşmazdan öň bir şert goýýar. Şerte görä, Ýeňelýanenkonyň ähli söweşleri Rossiýaň serhedinden daşa çykmaly däldi.«BodogFight»däki ilkinji söweşi ýunan-rum göreşi boýunça Olimpiada çempiony amerikaly Mett Lindland bilen boldy. Bu söweşi «milletler söweşi» diýip atlandyrypdylar şol wagtlar. Söweş 2007 ýyl 14 aprelinde Sank-Peterburg şäherinde geçirildi. Söweşe tomaşa etmek üçin Wladimir Putin, Silwio Berluskoni,Wan Dam ýaly meşhur adamlar hem gelipdiler. Söweşiň ilkinji sekuntlaryndan Fýodor üstünligi ele aldy we söweş başlanandan 2 minut 58 sekuntdan soň bogmak emeli bilen garşydaşyndan üstün çykdy.


Soňraky söweşleri

Ýemelýanenko 2007 ýyl 31 dekabrynda koreýaly gigant Çhwe Hon Man (boýy 203 sm,agramy 160 kg) e garşy oktagona çykdy. Söweş «Yarennoka» promouşeni tarapyndan gurnaldy. Şo wagtlar koreýaly söweşiji kikboksçy hökmünde meşhurdy. Rossiýaly sportçy beýleki garşydaşlarynda bolşy ýaly söweşiň dowamynda doly üstünlige eýe boldy we özüniň bogmak emelini ulanyp garşydaşyny ýene bir gezek ýeňmegi başarýar. 2008 ýylyň aprelinde Fýodor «Affliction Entertainment» bilen şertnama baglaşýar. Onuň bu kompaniýadaky debýut söweşi öňki UFC çempiýony Tim Silwiýa bilen bolýar. Gyzykly ýeri,«Soňky imperator»yň garşydaşlary hemişe boý we agram taraplaýyn ondan ep-esli tapawutly bolupdylar. Tim hem şeýledi, boýunyň uzynlygy 203 sm,agramy bolsa 118 kilogramdy. Ýöne,Fýodora garşydaşyny ýeňmek üçin bary-ýogy 36 sekunt ýeterlik boldy. Tim'iň üstünden gazanylan ýeňiş oňa World Alliance of Mixed Martial Arts» (WAMMA) çempiýonlyk kemerini alyp berdi. Çempiýonlyk kemerini iki gezek üstünlükli gorady.




Ýeňişli seriýasynyň soňlanmagy

«Soňky imperator»yň ýigirmi ýedi söweşden ybarat ýeňişli seriýasyny braziliýaly jiu-jitsu ussady Fabrisiu Werdum togtatdy. Söweşden öň braziliýalyň ýeňiş gazanmak mümkinçiligi (poçti) ýok diýip hasaplanypdy,emmabularyň barysynyň ýönekeýje tahmyndygyny Fabrisiu subut etmegi başardy. Söweşiň başynda Fýodor garşydaşyny birnäçe gezek kyn ýagdaýa saldy,ony partere hem ýatyrdy. Emma garaşylmadyk ýagdaýda rossiýaly sportçy elini garşydaşyna berip goýdy. Netijede raundyň 1:09 minudy dowam edip durka Fýodor "boýun egmäge" mejbur boldy. Bu onuň karýerasyndaky ikinji ýeňlişidi. Ýeňenligne seretmezden Werdum garşydaşyny dünýäniň iň gowy söweşijisi hökmünde görýändigini we onuň janköýeridigini ýene bir gezek belledi.



Moskwadaky debýut söweş

Yzly-yzyna üç söweşde ýeňilenden soň Fýodor 2011 ýyl 20 noýabrda iki gezek ADCC çempiýony Jeffri Monsona garşy oktagona çykdy. Söweş Moskwa şäherinde gurnaldy. Bu Ýemelýanenko üçin Moskwadaky ilkinji söweşdi. Söweş deňlik ýagdaýynda geçdi we eminler ýeňşi Fýodora berdiler.



Gitmek we ýene gelmek

Pedro Rizzoň üstünden gazanylan ýeňişden soň«Soňky imperator» ММАda karýerasyny soňlaýandygyny yglan etdi. «Meň pikirimçe soňlamagyň wagty geldi. Men gidýärin. Gitmegme sebäp maşgalam. Gyzym mensiz ulalyp barýar,olara köpräk wagt aýyrmagym gerek. Şol sebäpli gitmeli wagtym geldi»-diýip pikir bildirdi Ýemelýanenko.

Ýemelýanenkonuň oktagona dolanmagy üçin üç ýyl wagt gerek boldy. 2015 ýylyň 20 sentýabrynda «RIZIN» bilen şertnama baglaşdy. Onuň dolanandan soňky debýut garşydaşy Jaýpin Singh boldy we söweşiň birinji raundynda tehnik nokaut bilen garşydaşyny ýeňmegi başardy.



“Bellator”daky karýerasy

2017 ýylda Ýemelýanenkoй «Bellator» bilen şertnama baglaşdy. Ýöne,onuň bu promouşendäki karýerasy şowsuz başlady. 24 iýunda öňki UFC söweşijisi Mett Mitriona garşy söweş alyp bardy. Söweş gyzykly geçdi. Iki söweşiji hem bir wagtyň özünde biri-birine güýçli urgylar berdiler we ikisi hem nokdaun ýagdaýyna düşüp galdylar. Mett tizräk özüne gelmegi başardy we garşydaşyna güýçli urgylar bermegi dowam etdi. Munuň netijesinde emin söweşi togtatmaga mejbur boldy. Armanly ýeňlişden soň Fýodor ýene karýerasyny soňlamagy mümkindi,ýöne "Bellator" bilen ýene iki söweş üçin şertnamasy bardy. Şol sebäpli karýerasyny dowam etdirdi. Şol ýylyň 29 aprelinde Bellator kemeri üçin turnir başlanýar. Fýodor çärýek finalda Frenk Mir'i ýeňýär, ýarym finalda Çeýl Sonneniň üstünden ynamly ýeňiş gazanýar. Emma,"Bellator" kemeri üçin geçen soňky söweşde Raýan Bendere ýeňilýär.



Näme üçin Ýemelýanenkony hemme gowy görýär?

ММА söweşijilerinden parhly ýeri onuň kemterligi. Ol beýleki söweşijiler ýaly söweşden öň ýa-da soň garşydaşyna kemsidiji,göwne degiji sözler aýtmaýardy. Ýemelýanenko hemişe şadyýan we her hili ýagdaýda-da özüne erk edip bilýärdi. Onuň bu häsiýetlerini bütün dünýä halady. Şol sebäpli bolsa gerek, «Soňky imperator» nähili ýagdaýdalygyna seretmezden oňa hemişe hormat goýýarlar. Şu sebäpli bolsa gerek- Ýemelýanenkonyň abraýy Habib ýa-da Makgregordan kem däl. (Meň üçin'ä daže ýokar'am şolaňkydan)




Sport, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir