Umumy häsiýetnamasy:
Iridiý atom belgisi Ir we atom sany 77 bolan himiki elementdir. Ol öran gaty, kümüşsow ak reňkli, osmiýden soňra iň dykyz, platina toparyna degişli bolan metaldyr. Osmiý 1803-nji ýylda Smitson Tennant tarapyndan açylypdyr. Onuň ady grekleriň älemgoşar hudaýy bolan Irisiň adyna dakylandyr, munuň sebäbi onuň duzlary dürli reňkleri serpikdirýär.

Fiziki häsiýetleri:
Iridiý gaty, döwülgen, ereme temperaturasy ýokary bolan metaldyr. Dykyzlygy boýunça osmiýden soňra ikinji ýerde durýar. Ol 0.14K temperaturadan aşakda supergeçirijä öwrülýär.

Himiki häsiýetleri:
Iridiý şu wagta çenli öwrenilen metallaryň içinde korroziýa garşy iň durnuklysydyr. Ol ýokary temperaturalarda kislotalarda, patyşa aragynda we silikatlarda eremeýär. Muňa garamazdan ol ýokary temperaturalarda eredilen natriý sýanidinde, kaliý sýanidinde ereýär we kislorod, ftor bilen reaksiýa girýär. Ol birleşmelerinde esasan +3, +4 okislenme derejeleri ýüze çykarýar. Onuň wodorod bilen binar birleşmesi ýok bolsada, käbir kompleks birleşmeleriň düzüminde wodorod bilen birleşýär.

Izotoplary:
Tebigatda iridiý metalynyň iki sany durnukly izotopy bar. Olar 191Ir we 193Ir, degişlilikde 37.3% we 62.7% göterimlerde ýer gabygynda duşýar. Onuň 34 sany radioaktiw izotopy sintezlenen.

Ulanylyşy:
Elektronik enjamlarda ulanmak üçin iridiý 2009-nji ýylda 2.5 tonna, 2010-njy ýylda bolsa 10.4 tonna öndürildi. Gatylygy, ereme temperaturasynyň yokarydygy we korroziýa durnuklydygy sebäpli onuň ulanylyş çägi giňdir. Iridiý senagatda, medisinada, ylymda we tehnologiýada ulanylýar.

Çeşme:
http://talyp.site/m/blogs/show/?id=279


@ReAl_GiRl1903

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir