Käbir taryhy çeşmelerde adyna Şirwan şa diýlipdir. Şirwanda höküm süren patyşalaryň üçünjisi bolup, Halyl soltanyň ogludyr. XV asyrda kakasyndan soň tä 1500-1501-nji ýyllara çenli häkimlik edipdir. 1487-1488-nji ýyllarda sefewi dinastiýasynyň ata-babalaryndan Şa Haýdar tarapyndan gabalsa-da, Akgoýunly türkmenlerinden bolan soltan Ýakubyň kömegi bilen ondan üstün çykýar. Soň şa Ysmaýyl atasynyň aryny almak maksady bilen Şirwana goşun çekýär hem-de Şirwanşany ýeňip, onuň ölmegine sebäp bolýar.



Gysgaça Ensiklopediýa

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir