Süýji ukyda ýatyrdym weli jaň geldi,alaçsyz turmaly boldum( ýogsa mundan öň öçürip goýýadym ýatamda. Şu gezek ýad'a düşmändir)
Gelen jaňy alaçsyz aldym. Aňyrdan tanyş ses geldi.
- Alo gowmy ýagdaýlaň bratişka,giç ýagşy?
- Gowy,giçden soň aýlamadyk ýagşy. Kim sen?
- Tanamadyňmy,Klopp men,Ýurgen Klopp.
- How ýaşok,eýgilikmi?
- Eýgilikle. Interi tertipledik,şony aýdaýyn diýdim. Onsoňam ýagdaýňy bilesim geldi,köpden bäri gürleşiwem bolanok seň bilen. Haçan jaň etsemem eliň zanyt . Täze alan nomerim şul.
(Ýaşok habarsyz ekenow çornuda ýatanyndan, bir jaň edip başlasa goýar ýerde goýmaýa. Şoň üçin dykypdym)
- Maladis, oňarypsyňyz. Tama-da şeýle senden bratok. Ýöne şuny daň atansoň aýdaýmaly ekeniň. Bimaza etdiň,ýaty:rdym (gönümel adam bolamsoň ýüzüne aýtdym)
- Bratişke,bez obit. Ýadyma düşmändir ikimiziň wagt guşaklygmyzyň tapawutlydygy.
- Etjegňi edip indem ötünç soraýaňmy? Zyýany ýok "utdyk" sözüň günäňi ýuwdy.
- Sende näme täzelik,işler nähili,oňatçylykmy?
- Gowy (öçüräýmelä tizräk)
- Menem gowy inim,gelnejeň,çagalar hemmämiz mesçilik.
- Bolýa
- Oglanlar salam aýdýa hemmesi.
- Sag bolsunlar,özlerinede aýt!
- Ertir oturluşyk gurnajak bolýas gel senem
- Aý agam,özüňiz sowuşduryweriň. Bir oturşma üçin baryp ýörmäýinle
- Bolýa,ýöne gelseňä hasam gyzyşardy oturlyşygmyz.
- Kubogy alsaňyz baraýaryn
- Bolýa inim,şonda gelýän bolsaň hökman alarys,mesele ýok.
- Bolýa,sroşny işim çykmasa şonda aýlanyp gaýdaýaryn
- Aý inim ýene-de "işim çykmasa"diýýäňda. Geläýow,güler ýüzüňi görelä,göresimiz geldi seli Liwerpulyň kollektiwi bolup.
- Bolýa bratok. Hany jaňlaşarys,ukyňama işini gördüň.
- Bolýa,aýyplaşma inim. Begenjim içime syganok,seň bilen böleşäýeýin diýdim.
- Bolýa,sag bol,höwri köp bolsun!
- Sag bol,agzyňdan Isus Hristos eşitsin.
- Dawaý,saglygyň agam.
- Salah,Mane dagy gürleşjek diýäler. Bereýinmi?
- Ertir jaň edäýsinlerle! Olaram gutla meň adymdan.
- Bolýa,aýtdym. "Sag bolsun" diýdiler.
-Agam,menä ýatjak.
- Bolýa inim gijäň.rahat bolsun!
- Sag bol,ýene azyrak gürleşsek "ertiriň haýyrly bolsun" diýmeli bolýaň! Öçüräýjek,gaty görme,"ýüzüme goýýa"diýip.
- Dur birje mint. Khanture diýip biri bar eken siz tarapda,şoňa "ötünç soraýa"diýip aýtsana!
- Näm boldy,näme üçin?!
- Aý,passan Intere bolet edýän eken. Utanymyz üçin.
- Gözi aksynlaý agam,normalnyja komanda bolet etmeli eken şonda.
- Aý şonda-da gowy däl-da. Hool araky,Barselonany 4:0 a utanymyzam gaty agyr batypdyr oňa. Ýaş oglan, gaharyna özüne bir zatlar edäýmesin.
- Bolýa,özüm düşündirerin gowja edip.
- Bolýa,gaýrat et inim. Jaň edilende al,ýitip gitme!
- Bolýa (öçürdim tilpuny)

Bir gürläp başlasa goýmany bilmeýä. Daže meň bilen hal-ahwal soraşyp durmak üçin türkmençänem öwrenäýipdir. Gowy adamdygymy şolam bilipdir'aý. Aý näme,akylly adamda olam. Malçikler we dewoçkalar ýatdym men. Şuny soňuna çenli okanyňyza geň galýanaý. Ýöne geň görmelem däl,iki sany akylly adamyň özara gürrüňi hemişe-de gyzykly bolýa-da.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir