Hormatly agzalar, geliñ ýene-de bir ýönekeýje matematiki meseläniñ dogry jogabyny tapmaklyk ugrunda zehinimiziñ başarjañlyk ukybyny görkezeliñ! Mugallym Amana 35 sany mesele berip, şolary çözmegi tabşyrýar. Dogry çözen her meselesi üçin mugallym Amana 3 şokolad berjekdigini, ýalňyş çözen her meselesi üçin bolsa, 1 şokolady yzyna aljakdygyny aýdýar. Meseleleriň hemmesini çözüp gutarandan soň Amanda 5 şokolad galýar. Muňa görä Aman meseleleriň näçesini dogry çözmegi başarypdyr? Eger-de meseläniñ dogry çözgüdini bilseñiz, mümkin boldugyndan sada dilde we ähli agzalarymyza düşnükli bolar ýaly tertipde ýazsañyz gowy bolarmyka diýýän. Geliñ onda hasaba başlalyñ!

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir