PYGAMBER SÖÝGÜSI Ebu Hureýra (radyýAllahu anhu) rowaýat edýär: Pygamber (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurdy: „Janym (gudrat) elinde bolan Allahdan (jelle jelaluhu) kasam içýärin, siziň hiç biriňiz Meni öz atasyndan we çagalaryndan beter söýmese, iman etdigi bolmaz“. (Buhari) we ýene-de Pygamber (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýdýar: „Öz arzuw-isleglerini Meniň getirenlerim (ýagny Sünnetim) bilen laýyk getirmeýän adam, doly iman getirdigi bolmaz“ (Buhary). ŞERHLERI: Biz bu iki hadysy hem bilelikde şu ýerde getirip, bilelikde şerh etmegimiziň sebäbi olaryň bir-birini tamamlamagyndan gelip çykýar. Pygamberi (sallaLlahu aleýhi we sellem) söýmek her bir musulmanyň borjudyr. Şol söýgi bolmasa, mu'miniň imany kämil bolmaz. Emma söýgi duýgysyna her kim öziçe düşünýär. Käbiri Pygambere hormat goýmak üçin diňe salawat getirmeklik ýeterlik diýip pikir edýärler. Käbiri dilde „Janym gurban bolsun Resula“ diýip owadan sözler tapsalar hem, amallarynda bir buýuran zadyny (ýagny sünnetini) hem berjaý etmezler we şeýlelik bilen Resula (sallaLlahu aleýhi we sellem) söýgüsini berjaý edendiklerini pikir ederler. Emma hakyky ölçeg (söýgiň ölçegi) birinji hadysda aýdylan. Resul (sallaLlahu aleýhi we sellem) söýgisi öz ene-ataň we janyňdan şirin görýän bala-çagalaryňdan hem eziz görmeli, oňa wepaly, çäksiz bagly, hormat-sylagly bolmaly. Bütin nebsi isleg-arzuwlaryňy şol Resulyň (sallaLlahu aleýhi we sellem) getiren ahlak we durmuş kadalaryna boýun egdirmeli. Resuly (sallaLlahu aleýhi we sellem) ýüregi bilen söýýän adam üçin bu kyn däldir. Ol başarar we söýýän adam öz söýýäniniň her diýenini eder, şonuň söýenini söýer, ýigrenenini ýigrener. Unutmaň, Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) adamzat ahlagyny tamamlamak üçin adamlara iberilen iň beýik we iň soňky Pygamberdir. Resula (sallaLlahu aleýhi we sellem) ytagatdan musulmany maşgalasy, ene-atasy, mal-mülki, söwda-satygy, iş-meşgulyýeti... hiç bir zat saklap bilmeli däldir. Sebäbi, onuň Resulullaha (sallaLlahu aleýhi we sellem) bolan söýgüsi bularyň hemmesinden ýokary bolmalydyr. Ol hiç ikirjiňlenmän, diňe Resul (sallaLlahu aleýhi we sellem)a bolan söýgi ýoluny saýlap almaly.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir