RIÝA Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurýar: „Meniň iň gorkýan zadym ymmatymyň kiçi şirk etmegidir. Onda sahabalar sorapdyrlar! Ýa Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) kiçi şirk diýýäniň näme? Şonda Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şeýle jogap beripdir: Ol riýadyr, ýagny amallaryň başgalara göz üçin, görkezmek üçin edilmegidir“. (Ahmet bin Hanbel) ŞERHI: Şirk - Allahyň (jelle jelaluhu) bagyşlamaýan ýeke täk günäsidir we hemme şerleriň düýbidir. ŞIRK-Allaha (jelle jelaluhu) şärik goşmak we şeýlelik bilen şek ýetirmeklikdir. Ol öziçinde uly şirk we kiçi şirk diýip ikä bölünýär. Uly şirkler kiçi şirklerden düzilýär. Uly şirkleri musulman ymmat nähili bolsada bilýär we olardan saklanjak bolýar. Emma şeýtan hiç bolmanda adama kiçi şirk etdirjek bolýar. Kiçi bolsun, uly bolsun şirk şirk bolýar. Ine Resulullahyň (sallaLlahu aleýhi we sellem)-iň öz ymmaty üçin iň gorkýan we iň alada edýän zady kiçi şirk bolupdyr. Riýa hem şolaryň içinde iň howplusy we düzedilmesi,bilinmesi iň kyny bolup dur. Indi bolsa riýa işleriň sebäplerini anyklajak bolalyň! Adam şony näme üçin edýär? Näme üçin adamlara görünjek bolýar, olara özüni öwdürjek bolýar? Şeýle etmek bilen näme maksady bar? .. Ilki bilen şol adamyň kalbynda halys Allahyň razylygy diýýän niýet ýok. Hemme amallar diňe Allah (jelle jelaluhu) üçin edilende kabul bolýandyr. Emma riýa edýän adamyň kalbynda başga maksatlar bar. Ol Allahyň amaly görmegini ýetersiz görip, sogap we muzdyny diňe Ondan (jelle jelaluhu) garaşman, adamlaryň görmegini we şolaryň öwmegini isleýär. Bu bolsa onuň kalbynda şirk keseliniň bardygyny,Towhid hakykatyna düşünmändigini görkezýär. Riýakär adam iru-giç tanalýar, sebäbi ol edýän amalyndan netijede ýadar we bir wagt adamlara berýän öz nesihatlaryny bozup başlar. Sebäbi yzygiderli we tutanýerli amal üçin gerek bolan güýç diňe Allahyň razylygyny gazanmak niýeti bolanda döräp bilýär. Adamlaryň görmegi üçin edilýän amalda yhlas bolmansoň yzygiderlilik we ygtybar ýokdyr. Onuň adamyň öz imany we ruhy kämilligi, ylmynyň we hikmetiniň özgermegi üçin hiç hili täsiri bolman, gaýta adamda imandan daşlaşma we kalbynyň garalmagy ýaly täsirleri bardyr. Şol amallaryň adamlara hem peýdasy we täsiri ýokdyr. Sebäbi adamlar diýseň duýgyr tebigatda ýaradylandyr (has hem musulmanlaryň basireti,duýgurlygy diýseň güýçlidir) we olar derrew ýasama göz, görkezme üçin edilen amallary aňýandyrlar. Şeýle riýakär adamlara her bir adamda sowuklyk we ýigrenme duýgysy, ynamsyzlyk we äsgermezlik döreýär. Sebäbi ýalançy, sözi bilen amaly gabat gelmeýän, öwünjeň we ygtybarsyz, tutanýersiz we oýnak adamlar hiç ýerde halanmaýar we ýol alýan däldir. Şeýle adamlar şeýlelik bilen öz-özlerini aldap, öz ömürlerini boş zada sarp edip ahyry bir gün ölerler we hasap bermeli bolarlar. Ana şonda bu adamlaryň ahyretde eden amallaryna sogap berilmez, sebäbi olar sogaby Allahdan garaşman adamlardan garaşdylar ahyryn. Iň gorkmalysy hem bu adamlar kyýamatda Allaha şirk ýetirenleriň safynda haşr bolarlar (direlerler). Ine şeýle masgaraçylykly netije boljak. Ýöne men bu ýerde birazrak şol adamlaryň içki dünýäsiniň üstünde durup geçmek isleýärin.. 1)Bu adamlar şahsyýetsiz ýa-da şahsyýeti bozuk adamlardyr. Sebäbi diňe gowşak şahsyýet hemişe adamlaryň öwgüsine we onuň eden işini görmegine mätäçdir. Bu ýerde iman nurunyň päkligi we gowşaklygy hem orta çykýar. Eger bir adama Allahyň sogaby ýeterlik däl bolsa, has hem Allah (jelle jelaluhu) riýany kiçi şirk hökmünde görse-de, şol amaly gorkman-çekinmän etmäni dowam edýän bolsa, ol adamyň imany barada näme diýip bolar? 2)Adam öz ynanjynda we alyp barýan ýolunda şübhesi bolmasa (şahsyýet bolsa) ol näme üçin başgalara görünjek bolsun, olaryň razylyk we goldawyny almana çalyşsyn. Daşyndan şeýle ýigrenç we adamyň agraslygyna,salykatyna gelişmeýän hereket edip gülkünç ýagdaýa düşsin? .. 3)Riýa edýän adam kem akyldyr. Sebäbi akylly adam hiç wagt başgalar üçin ýaşamaz, ol ilki bilen öz içini nurlandyrar, päklär. Soňra şol nur bilen daş-töweregindäki adamlara ýagtylyk berer. Riýa munafyklaryň esasy häsiýetidir.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir