Kitiň çagasy doglan pursatyndan başlap ýüzüp bilýär. Ol ep-esli wagtlap enesiniň süýdi arkaly iýmitlenýär. Kitiň süýdi örän ýokumly bolýar. Onuň süýdi sygryň süýdüne garanyňda 10-12 esse ýaglydyr.Uly kitleriň ýaňy doglan çagasynyň uzynlygy alty metre çenli ýetýär. * * * Ynsanyň saçy bütin ömri boýunça ortaça 725 kilometre çenli ösýär. Saçymyzy ýygy-ýygydan aldyrýandygymyz sebäpli onuň şonça uzynlyga çenli ösýändigini göz öňüne getirmek mümkin däl ýaly bolup görünýär. * * * Adam gülen wagty onuň 17 muskuly işleýär. * * * Adamyň DNK-sy 80 müň geni özünde jemleýär. * * * Leýkositler adam bedeninde 2-4 gün ýaşaýar, eritrositler bolsa 3-4 aýlap ömür sürýär. * * * Bedenimizdäki bakteriýalaryň ählisiniň agramy ortaça 2 kilograma deňdir. * * * Adam beýnisinde bir sekundyň dowamynda, takmynan, 100 müň reaksiýa bolup geçýär.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir