Meniñ ýasaýan ýerimde Asyrgeldi Gurbangylyjow diýen adam bardy. Ol beyik watançylyk ursuna gatnasyp bir aýagynyñ dyzyndan asagyny aldyryp gelen adam bolsada gaty degisgendi. Asyrgeldi aga 1968-nji ýylyñ sowugynda satlama aýazda säher bilen awa giden. Awa gyzygyp barsyna serhet ýakasyna golaýlapdyr.Serhet birikmesiniñ serkerdesi, rus ýigidi: -Yasuly bu sowukda doñup ölersiñ gaýt öýüñe diýip maslahat beripdir. -Yok oglum doñup durma diýip Asyrgeldi aga-da ýan bermändir. Rus yigidi bolsa -Meniñ doglan ýerim sibir, men üsemerin diýip dawalasypdyr. Bular seydip duruslaryna bir ayagyny sowuk suwa sokup kim kän dursa, sony ýeñiji hasap etmeli diýen jedele giripdirler. Serhetçi 5-10 minutdan soñ aýagyny sowuk suwdan çykaryp: -Sen ýeñdiñ, ýasuly diýip, onuñ arkasyna kakyp gidipdir. Emma ol Asyrgeldi aganyñ sowuk suwa agaç aýagyny sokup oturanyny bilmeýär eken.

Köneler, mysterio tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir