Eger beýleki adamlaryň isleýän zatlaryna ýetmäge ýeterlik kömek etseň, sen hem durmuşda islän islendik zadyňa ýetip bilersiň (Zig Ziglar) ***** Ýalňyşýan adam akmak däl-de, hiç haçan ýalňyşmaýan adam akmakdyr. (Dewin Poltiýer Robson) ***** Durmuşyň iň oýlandyryjy we möhüm soragy şudur: başgalar üçin näme edýärsiň? (Dr Martin Luser King) ***** Duşmanlaryňy bagyşlagyn, ýöne olaryň atlaryny welin, hiç haçan unutmagyn. (Jon F. Kennedi) ***** Gahar bilen başlanýan islendik zadyň soňy masgaraçylyk bilen gutarýandyr. (Benjamin Franklin) ***** Söýgi ot üstünde gurlan dostlukdyr. (Jeremi Taýlor) ***** Diňe özüni bilýänler dogrusynda bir gowy zat bar, olam olaryň başga adamlar barada gürlemeýänligidir. (Lusil S. Harper) ***** Üstünligiň syry hiç kimiň bilmeýän nämedir bir zadyny bilmekdir. (Aristotel Onasis) ***** Lukmanlarym maňa meniň hiç haçan ýöräp bilmejegimi aýtdylar, ejem bolsa, näme üçin ýöremeli däldigimi ýaňzytdy, men ejeme ynandym. (Wilma Rudolf) ***** Eger bagty özümizde tapyp bilmesek, ony hiç ýerden hem tapmak mümkin däldir. (Agnes Repliýer) ***** Geljek – öz arzuwlarynyň owadanlygyna ynanýanlaryňkydyr. (Eliýanor Ruzwelt) ***** Biz zatlary bolşy ýaly däl-de, özümiziň bolşumyza görä görýäris. (Änis Nin)

Köneler, Yazlale tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir