ÖZÜŇ ÜÇIN SÖÝÝÄNIŇI MUSULMAN ÜÇIN HEM SÖÝMEKLIK BARADA Enes (radyýAllahu anhu) rowaýat edýär: Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şeýle buýurýar: „Sizden biriňiz özi üçin söýýän zadyny musulman dogany üçin hem söýmese, imany kämil bolmaz“ (Buhary we Müslim). ŞERHI: Yslam ylahy bir dindir. Şonuň üçin ondaky hemme mesele iň kämil şekilde çözülendir we adamzadyň tebigaty (fytraty) bilen sazlaşykly bolup ony adamçylygyň iň belent mertebesine çykarýar. Yslam jemgyýetiniň içindäki gatnaşyklary has hem gyzgyn we gözeldir,sebäbi mu'minler dogandyrlar. Yslamda her bir mesele, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary hem şol sanda iman duýgusy bilen gönümel baglanyşyklydyr. Ine Resulullahyň (sallaLlahu aleýhi we sellem)-yň şu gysgaça hadysynyň içinde hem gör nähili uly many we hikmet bar. Imanly adamyň kalbynda görüplik, kine, ýamanlyk ýaly duýgular bolup bilmez (ýada aýdamyzda bolmaly däldir). Yslam ýekelikde ýaşalýan bir din däldir we ruhbanlyk (monastyrda dünýäden el çekip ýaşamaklyk) düşünjesine garşydyr. Jemgyýetde ýaşamaklyk bolsa adamdan başgalaryň hak-hukuklaryna hormat-sylagly we sazlaşykly gatnaşmaklygy lazym kylar. Kämil iman adamda Allahyň (jelle jelaluhu) isleýän ynamynyň, düşünjäniň, hikmetiň, garaýşynyň we ýaşaýyş obrazynyň (amalyň) bolmagy bilen bolýar. Adamyň ozüni alyp barşy bilen iman bir-birinden iki sany aýratyn zat bolman, bir bütewi tamamlaýan iki sany bölekdir. Şu hadysda hem adamyň imanyny görkezýän gözel bir häsiýet bar, başga tarapdan garamyzda şu amalyň (häsiýetiniň) özünde endik edilmegiň özi imany güýçlendirýän we kämilleşdirýän bir zatdyr (ýagny tersine baglanşyk) Bir mu'min adam özi üçin isleýän, söýýän, arzuw edýän zadyny başga bir musulman dogany üçin islemeli. Musulman adam diňe öz bähbidine çapýan adam bolsa, başgalary öz bähbidine ulanyp olaryň haklaryna zulum edýän bolsa ýada äsgermezçilik edýän bolsa, ol ne imana nede Yslamyň asyl manysyna düşünipdir. Ol diňe din Yslamyň daşky şekilini alyp berjaý etmegi mümkin. Ýöne ol düşünjesizligi we kalbyndaky hyrsy (nebsi), tekepbirligi sebäpli Yslamdan lezzet alyp bilmez we edýän ybadatlarynyň täsirini görip bilmez. Musulmanlar bütewi, agzybir, bir-birine bagly bir uly maşgala ýalydyr. Hemmesi özara dogandyr. Onda nädip diňe öz bähbidiňe gapyp, başgalaryny kemsidip we äsgermezçilik edip bolar. Şeýle bir jemagaty göz öňüne getirip görüň, görüplik we kine ýok. Hemmeler bir-birini alada edip bir-birine gowudan gowusyny isleýär we doganynyň üstünligine ýürekden begener. Şol jemgyýetiň pes bolmagy, ösmezligi we güýçsiz bolmagy mümkunmi? Yslamdan başga bir din ýada hut dünýewi ýörelgede şeýle çözgütli sosial (toplum jemgyýet) düzgüni barmy? We şundan has kämili barmy? Elbetde ýok! Sebäbi bu Allahdan gelýän beýik hakykatdyr. Indi adamyň öz içki ýagdaýy tarapyny alyp göreliň. Başgasyna ýamanlyk islemeýän, diňe ýagşylyk isleýän, başgalary söýmäni we olar üçin begenmäni başarýan adam iň päk we kämil Ynsan dälmidir. Onuň kalp, ruh we psihikasynda dogrulykdan aýrylmalar bolup bilermi? Onuň özüni alyp barşynda näsazlyk, ygtybarsyzlyk bolup bilermi? We adamyň şeýle häsiýetde bolmagy iň belent adamçylyk mertebesi dälmidir we ýokary ahlak dälmidir? Meniň pikirimçe bütin psihiki-sosial problemalarymyzyň , ozara gatnaşyklarymyzdaky näsazlyklaryň düýp sebäbi, problemalara iman gözi bilen seredip bilmeýşimiz we amal edibilmeýşimiz (yada islemeýşimizdir). Her bir musulmany özüňden ýokary bolmasa iň bolmanda özüňçe görmeli we özüňe nähili gatnaşyk isleýän bolsaň, şonuň ýaly gatnaşmaly. Aslynda ele alan beýleki hadyslarymyz hem şu hadysyň şerhiniň dowamy bolup dur.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir