Bir zamanlar türkmen obalarynyñ birinde özüniñ $irin owazly aýdymlary, dutarda çalýan sazlary bilen halkyñ toýuna ýarap ýören bag$y ýigit ýa$apdyr. Bu ýigit çagalykdan kakadan galyp, özüniñ garryja ejesi bilen garypja külbede güzeranyny aýlapdyr. Soñabaka bu oglanyñ $öhraty artyp, özüni tutup ugrapdyr. Garypja külbesiniñ ornuna 2 sany altyganat ak öý tutunypdyr. Obanyñ iñ gözel gyzyna-öz söýgülisine öýlenipdir. Ýigit gelnini, gelin ýigidi, garry ejesi bolsa ikisini hem bilelikde söýüpdir, olara guwanypdyr. Toý edenine bir aý hem geçmänkä ýigide ba$ga bir obanyñ sylanýan adamlarynyñ biri toýunda aýdym aýdyp bermegi haýy$ edip ýüz tutýar. Oñ göwnüni ýykyp bilmän, ýigit heniz 1 aý hem ýa$a$madyk gelni,eziz ejesi bilen ho$la$yp ýola dü$ýär. Adatça, beýle ýoldan 1 hepdeden soñ dolanyp gelýän bag$y ýigit gelnini göresi gelip bir bahana tapyp toýdan 2 gün geçensoñ ýüzüni gijä tutup öýlerine gelýär. Ilki bilen ejeme salam bereýin diýip oglan ejesiniñ bolýan ak öýüne barýar. Öýde y$yk görmänsoñ "ýatandyr,bimaza etmäýin" diýip öz öýüne baryp gelni bilen ýatyberýär. Ogly gidensoñ "gelnim ýekesireýän bolaýmasyn" diýip her gün äpi$geden jyklap gaýtýan ene bu günem baryp seretse, öz ogludygyndan bihabar, gelniniñ bir erkek adam bn ýatanyny görüp hu$y ba$yndan uçan ene eline sokyda$yny alýar-da, baryp "namartlar" diýip öz oglunyñ depesinden inderýär. Erbet sesi bn gygyran gelnine-de sokyda$yny indirýär. Gelniñ sesine ylga$yp gelen goñ$ular çyrany ýakanlarynda,2 sany jansyz göwräniñ bileje ýatanyny görüp,enäniñ hu$y ba$yndan uçýar. $ondan soñ adamlar $ol garry enäniñ eline öz armanly giden perzendiniñ dutaryny alyp, "elimi kes!" diýen saz döredip çalyp öz ezizleriniñ mazarynda gezip ýörenini köp görüpdirler.

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir