MUSULMANLARYŇ SÖZSÜZ DÜŞÜNMEGI AHLAGY Ebu Hureýra (radyýAllahu anhu) rowaýat edýär: Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şeýle buýurýar: „Sizden biriňiz jemagata ymam bolaňyzda namazy ýeňil (gysga) okatsyn. Çünki içlerinde ejiz, hassa we garry bolanlar bardyr. Eger ýeke özüň okaýan bolsaň, näçe uzatsaň (namazy) uzadyber“. (Buhari we Müslim) Şerhi: Bu hadysy şerh etmezden owal Jumga surasynyň 2-nji aýatyna seredeliň. „Sebäbi okama ýazmany bilmeýänleriň içinden, özlerine aýatlaryny okaýan, olary päkleýän, olara Kitaby we Hikmeti öwredýän bir Pygamber iberen Oldur (ýagny Allah j. j). şübhesiz şondan öň siz aç-açan azgynçylyk içindediňiz“. Ine bu aýatda Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) adamlara Kuranyň ýany bilen adamlara Hikmeti hem öwredipdir. Yslam-Hikmet dinidir. Ony harijiler ýaly göniden-göni, ahlaksyz, gedem we hikmetsiz şekilde berjaý etmek ýalňyş bolar. Hikmet musulmanyň nygmaty, Allah Tagala kimi halasa şoňa hikmet berer. Hikmetsiz diniň bezegi we lezzeti bolmaz, kämahal bolsa uly zyýany bolar. Bu hadysda hem biz şony görýäris. Musulman adam hatda parz ybadatyny berjaý edende hikmetli, giň garaýyşly bolmaly. Has hem adamlaryň öňünde bolup, jogapkärçiligiň bolanda hikmetli bolmaly. Iň bärkisi şu namaz meselesini alyp göreliň. Hikmetsiz we dar garaýyşly musulman jemagata ymam bolanda uzak okasam köp sogap bolar, haýyrly bolar diýip uzyn we labyzly okap başlar. Ol çyny bilen haýyr iş edýändir öýdýär, emma yzynda durany imany entek pes bolan, ymama öwrenişmedikler, ysgynsyz garrylar, ýaş çagalar, hassalar, ýadawlar onuň şol hereketine gaharlary geler we şol gahary namaz ybadatyndan sowamagyna sebäp bolar. Bir-iki günden jemagada gelýän musulmanlaryň sany azalyp başlar. Musulman giň garaýyşly bolmaly, bir meselä çemeleşende köp taraplaýyn ele almana başarmalydyrlar. Bu zatlary aýtmak gerek däl, musulman adam öz basireti we hikmeti bilen şoňa düşünmeli. Musulmanyň özüni alyp barşyny (hatda ybadatda hem) bolsa ikä aýyrmaly: Jemgyýetde we ýekelikde. Jemgyýet bilen iş salşaňda olaryň hak-hukuklaryny, hal-ýagdaýlaryny göz öňünde tutmaly. Emma ýekelikde wagtyň diňe öz ýagdaýyňy göz öňünde tutmaly. Ine şu hadysda aýdylan şol hakykat. Ýekelikde sen namazy isledigiňçe uzadyp bilersiň, sebäbi bu seniň bilen Allah (jelle jelaluhu) arasyndadaky gatnaşykdyr. Ýöne kämahal şeýle adamlara gabat gelýäris, ýekelikde amallary pesdir, köpçülikde bolsa takwa we fazylet eýesidir. Bu riýadyr we ruhy kesele yşarat edýär. Musulman adam gizlin we ýekelikdäki amallara köp üns bermegi abzaldyr, has haýyrlydyr. Şeýle amallara riýanyň aralaşmagy kyn bolýar. Mu'miniň gaçgyny bolsa amallary zaýa edýän-riýadyr. Emma mu'min köpçülikde edýän amallary yhlasly bolanda hem ol hikmetli bolmak mejburiýetindedir. Bu hadys diňe namaz barada bolsa hem, hemme meselede hem (ýagny hemme ybadatda hem) hikmetli bolmalydyr. Mysal üçin adamlara ylym bereňde hem şoňa üns bermeli we adamyň ýagdaýyna, zehinine, derejesine görä ylymy ussatlyk bilen bermeli. Şeýle etmeseň zulum etdigiň bolar. Adamlardan amal talap edeňde,Allah we Resuluna ytagatda hem şeýle bolmaly. Adamlardan göterip biljek amalyny, iman we düşünjesiniň derejesine görä talap etmäni başarmaly. Bu hem hikmetiň görnüşidir. Eger şu hususlara üns bermeseň zulum bolar we adamlaryň göwnüni Yslamy söýdürmegiň ýerine daşlaşdryp bilersiň. Hem adamlar senden sowaşar, hem sen öz-özüňi ýakarsyň. Şu günki Yslam dagwatynyň iň uly problemasy hem şu bolsa gerek. Köp halatda hikmetsiz edilen dagwat adamlary Yslamdan daşlaşdyrýar we sowadýar. Diýmek amalda hikmete diýseň üns bermeli we Allahdan şol nygmaty hemişe dilemeli.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir