Bir gün bizem garrarys... Onsoň 'Keýwany, hany bir çaý oturt' diýip, ýaşlygy ýatlap, çaýjagaz süzüp hümmüldeşen bolarys.. Ogul-gyzymyza guwanarys. Çagalarymyzyň çagalary bolar, agtyk söýeris. Pensiýa çykarys, köne dost-ýarlarymyz bilen oturluşyk eden bolarys. Çagalyk, mekdep, gulluk, uniwer, ýaşlyk, iş... döwürlerini ýatlap gözlerimize ýaş aýlarys. Belki uly baý adamlardan bolarys, belkem orta gurply adamlardan. Belki lüks öýlerde ýaşarys; gymmat, soňky model maşynlary süreris; iliň ýetip bilmeýän naharlaryndan iýeris. Soň bir gün geler, dünýämizi üýtgederis. Belki rahatlyk, begenç içinde; belkem azap, puşmanlyk içinde gideris. Emma şonça ýyllyk durmuşymyzda şonça baýlygymyzdan o tarapa ýekeje ýyrtyk jorabymyzam äkidip bilmeris... Adamlar, eliňizde bar bolan zatlaryň gadyryny biliň, şükür ediň. Birek-birege ýylgyryň, hoş sözleri aýdyň. Bu bäş günlik ýalançy dünýäde hamala hiç ölmejekmiş ýaly ýaşamaň. Hiç kimiň ertire çykjagy garantiýa däldir.

Köneler, AHAL tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir