Men, düýe görsem Türkmen ýadyma düşýär! Maňa dogry düşüniň. Men aslynda Düýäni görüp türkmençiligimi berkidesim gelýär, öwrenesim gelýär türkmençiligi. Umuman Düýe bolasym gelýär. Düýe bolsam, Garagum Watanymda agyp-dönsem! Erkin bolsam! Meni saklap Sowetler eýýäminden galan kesel dokument... soramasalar! Düşündiriş ýazdyrmasalar. Käýinç bermeseler. Düýe bolsam, wagtlaýyn aç-suwsuzlygy bildimem etmesem! Düýe bolsam, ýüňümden porsy aýaga geýilýän jorap däl-de, tamdyrdan çykan mukaddes çöregi dolar ýaly saçak dokasalar! Hormatym şeýle uly bolsa, hem uzyn aýaklarym aşagyma sygsa! Düýe bolsam, çagalaryma her kim “Eş-şek” diýmän "Köşejigim" diýse! Düýe bolsam, epgekden yssylamasam, aýazdan üşemesem! Düýe bolsam, düýeligime höwes etseler. Şagal-möjek golaýyma gelip bilmän hol beýlede şagallygyny edip uwlap dursa. Menem düýe bolsam, olardan beýik bolsam! Gelip maňa “sen düýe” diýmäge hiç kimiň dili barmasa! Düýe bolsam, iýenim ýandak bolsa-da süýdümi derman edip içseler! Düýe bolsam menden Hindistandaky sygyr ýaly hudaý ýasamasalar. Päli pes-le diýibem tirkemeseler eşegiň yzyna. Wah, bolmanda ýekeje ýyl düýe bolsam, onda-da Mollanepes şahyryň neri bolsam. Ýetmiş ýyllyk maýa bolanymam bes, indi bir baky bitarap düýe bolsam. Düýe bolsam adym Kuranda geçse, üstüme münenler pygamber ýa sahabalar bolmasa-da bolmanda Adam bir bolsalar. Düýe bolsam… Il-günümiň hyzmatynda bolsam.

Köneler, AHAL tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir