Käbäň ýatyr keselhanada dertli
Ýygýan döwri geçdi bugdaý hoşasyn
Lukman ömrün saklap bilaýjek sertli
Pul ber oglum, ejen bir ýyl ýasasyn.


Bir ýyl ýasatmaga umyt bar ýaly
Operasiya talap edip dur jany
Gerek bolsa satyp bar dünye maly
Pul ber oglum, ejen bir ýyl ýasasyn


Elli müň dollar bes ýeke ýyl omre
Pul baýlygy ejenden eziz gorme
Ýaýdanma perzendim boynuny burma
Pul ber oglum, ejen bir ýyl ýasasyn.


Ulaldypdy seni yssy mahirlap.
Beygeldin han boldun saherde yerlap
Ra:ga uçrap käbäň hool ýatyr derlap
Pul ber oglum, ejen bir ýyl yasasyn.


On ýyl ýygnasamam pensiýam ýetmez
Karz alsam üzmäne ömrüm milt etmez
Bir ýyl başyň sypar hiç zyyan etmez
Pul ber oglum, ejen bir ýyl ýasasyn.


Ynha, otuz ýyldyr oyden gaydanyn
Bizi ýeke goydun etman aýdanym
Wah, dert tapaýdyda ýaşar oydenim
Pul ber oglum ejen bir ýyl yasasyn


Otuz ýylda soramadyk bir şaýlyk
Pensiýamyza iýdik ýyrtyjak geýnip
Geldim çare tapman öňiňe eglip
Pul ber oglum ejen bir ýyl ýasasyn.


Diydi ogul:"Mende pul barmy name?"
Münýän mersedesi altmyş müň däne
Maşyna dozenin dozmedi ja:na
Yone bir janam dal, eje ol käbe.


Gynanýan pul soymek owrulýär däbe
Ataň bul haýyşy uçdy asmana
Pul ber oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn....



Şul goşgy hakyky bolan waka esasynda ýazylan. Bir gün bir oba gezelenje bardym. Gosgy aydysyp eje hakynda ejeler söyülmage mynasyp zat diyip gosgy aydysyp otyrkak.Şonda bir ýaşuly heeeýý Kerimjan, intak name gordin. Seylerak bir yagday boldy, ogly sahere gitdi gurply, Kerim Gurbannepesowyn yazmasy agyr dusen gosgysyndaky yaly gurply adamlar yone sul ejesi kesel yatyrka, sona belli bir yeterlik derejedaki summany berip bilmedi. (Gosgyda-da aytyan sol summany ony). Sonda sol puly ejesine dozmedi. Aslynda bar on jubusunde sol pul yone sol puly ejesine dozmedi. Munada tasirlendim 2-3 gundenem sul gosgy doredi...

KERIM HALLY.

Edebiýat, Gözellik. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir