GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) #3
Enkaň haýyşy boýunça...
Öweý ejesiniň sözlerine Jemiläniň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. «Waý, men aýtdym-a görerler diýip, aýtdym-a» diýip, içinden gynanç bilen gaýtalady. «Indi meni näderkäler?»

Jemile sesini çykarmady-da, öweý ejesiniň ýanyndan aýlanybrak geçiberdi. Täçjemal onuň haltasyndan itip goýberdi. Haltanyň agramyna büdräp, Jemile ýykyldy. Halta-da gapdala togalandy. Jemile hasanaklap galyp, haltany süýrekledi-de, ot dökýän ýerine eltdi. Soň öweý ejesiniň ýene özüne tarap gelýänini görüp, öe atyldy. Içerik girip, gapyny berkledi.

Täçjemal onuň yzyndan girip durmady. Ýöne daşarda gykylyk baryny turuzdy:

—Wah, men bir garamaňlaý bolmasam, bi ojaga gelermidim! Iliň ýetimini saklamak başyma galarmydy! Ine, indi şunça ýyl bäri bi ojagy ojak etjek bolup, ylgap ýörsemem, iň soňunda biabraý bolup galmaly boldum!

—Näme boldy-how? Sesiň näme? —diýip, aýalynyň gykylygyna ýüzüni ak tam edip,Abdy aga ýetip geldi.

Täçjemal hamala, sesini hemmeler eşitsin diýýän ýaly, öňküsindenem beter örç aldy:

—Gyzyň ota gidýän diýip, asyl meýdanda onuň-munuň bilen sataşyp hezil edýän eken. Ine, gör-de dur, ertirki gün gyzyň saňa abraý getirse, meniň zat bilmedigim. Asyl indi ony seniň duluňdan adamam ýygnar öýdemok! Gyz boýuna eline çaga-çuga diýip, bir zat alaýmanka, alajyny edewer onuň.

—Näme bolan bolsa, düşnükliräk aýdaýsana-how! —diýip, Abdy aga janykdy.

—Men häli, dostumyň ýanyndan gelýäkäm gördüm. Gülsoltan daýzanyň ogly Ýusup Jemiläniň haltasyny göterip gelýän eken —diýip, Goşa-da gepe goşuldy.

«Işim gaýtdy!» diýip, girere deşik tapman, elewreýän Jemile bu gürrüňleri eşidip oturyşyna gaýgy-hasrata özüni aldyrdy. «Indi näderkäm?»

Häzir onuň üstüne düne ýykylyp gelýän ýalydy.

Jemile gapyny hernäçe berkledimmikäm diýse-de, kakasy ony bir itende açyp, içerik girdi. Jemilede «Indi diri galaryn» diýen umytdan nyşan-da galmady. Ýüzi ak tam boldy. Kakasynyň ýüzüne seretmäge miltem etmedi. Howpa sataşan kirpi mysaly, boýnuny ýygryp, «Kelläme uraýmasynlar» diýen gorky bilen iki elini kellesine ýetirdi. Howpdan goranmaga taýýarlandy.

—Men-ä giden meýdanda bir özi galyp, erkek kişi bilen ot ýygýan gyzyň ejesi diýen ada galyp bilmen. Soňky gün munuň garamatyny götermen! —diýip,Abdy aga bilen bile içerik ätlän Täçjemal jammyldysyny goýmady. Onuň soňky sözleri Jemiläniň içinden parran geçdi. Ol dilini öňküdenem ajadyp, Abdy agany dalady. —Sora. Munuň indi gyz diýerlik abraýy bir galdymyka?

Abdy aga gyzyny urmadam, sögmedem.

—Gyzym, gelnejeň diýýänleri çynmy? —diýip sorady.

Urmasa-da, kakasynyň sesiniň gahara gaýnap duranyny Jemile aňdy. Gyz hatda geplemäge-de gorkýardy. Dili diýenini etmejek ýalydy. Şonuň üçin ol birbada sesini çykarman, «ýok» diýen terzde baş ýaýkady. Jemiläniň bu bolşy Täçjemaly içine köz oklanana dönderdi.

—Gör, bihaýanyň ýalan sözleýşini! A Ýusup näme! Ýusup näme! Goşa jan görüpdir-ä seniň Gülsoltan goňşyň ogly bilen bile gelýäniňi! —diýip, ol agzyndan ak tüýkülik saçdy. Soňam kellesini gapydan çykaryp, daşaryk gygyrdy. —Goşa jan! Gel, balam, aýt! Şu süýtsüziň ýüzüne aýdyp ber kim bilen gelenini!

—Ýusup bilen, Ýusup! —diýip, Goşa içerik girip durman, daşardan gygyrdy.

—Ol diňe şu gün... Klasdaşym bolansoň, otumy göterişdi! —diýip, Jemile zordan seslendi.

—Diňe şu gün diýsene! —Täçjemal has-da herreldi. Bolan wakany gyzyň boýun almasyna göhi geldi. —Asyl başgalar göterişäýmändir-ä otuňy! —Soňra Täçjemal ýene Abdy aga ýüzlendi. —Eşitdiň gerek gulagyň bilen! Ol ýigit muň otuny ýönelige göterişýänmidir!

Abdy aga Jemilä ýüzlendi:

—Gyzym, dogryňy aýt, Ýusubyň otuňy göterişeni çynmy?

—Diňe şu gün, kaka jan, diňe şu gün —diýip, Jemile aglamjyrady. —Yzymdan ýetdi-de, kömekleşäýdi.

—Sen onda şolara ötägit, gyzym! —diýip, Abdy aga agras aýtdy-da, uludan dem aldy. —Ýigit gyzyň otuny ýönelige göterişýän däldir. Ol seni garamata goýdumy, goý, indi özi ýygnasynam. Men öýden ady ýiten gyz çykaryp, ile gürrüň boljak däl. Bar, ötägit Ýusuplara. Gerek-ýaragyňam al. Gaýdybam, şu öe garaňy salma!

Şeý diýip, Abdy aga çykyp gitdi. Öweý eje-de onuň yzy bilen çykdy. Kakasynyň öýden kowmasy Jemile üçin urandan-sögenden agyr boldy. Ol bu öýde jebir baryny görýänem bolsa, mundan aýrylyp gitmegi akylyna sygdyryp bilenokdy. Şonuň üçinem kakasynyň özüni kowmasyna zähresi ýaryldy.

—Kaka jan, beýtme! —diýip, kakasynyň yzyndan aglap gygyrdy. —Ursaň, ur, öldür, ýöne öýden kowma, jan kaka! Men nirä gideýin indi!

Abdy aga gaýdyp sesini çykarmady-da, mellegine girip gitdi.

Jemiläniň aglaýan sesini olaryň deňinden geçip barýan Ýusup hem eşitdi. «Hä, biri görüp, eýýäm öýüne ýetiripdir-ow!» diýip, ol içini gepletdi. Jemiläniň «git» diýen sözüne gulak asman, onuň haltasyny göterenine puşman etdi. Ýöne indi giçdi. Puşmandan haýyr ýokdy. Ol öňem jebir görüp ýören gyzyň aladasynyň üstüne alada goşany üçin öz-özüni ýigrendi, gyza ýüregi awady. Jemiläniň ýanyna baryp, oňa göwünlik beresi geldi. Ýöne ol muny edibem biljek däldi. «Häzir baraýsam, Abdy aga kellämi alaýmazmy!» diýibem, içini gepletdi.

Öýüne ylgady. Baryp, ejesine bar zady gürrüň berdi.

—Hä, seniň edeniň bar bolsun. Öň ol görgüliniň çekýän jebrini az gördüňmi? —diýip, Gülsoltan daýza Ýusuba igendi. —Gyza gep goşma nämä gerekdi saňa!

—Jemile aglaýar, eje! Gitsene olara! —diýip, Ýusup ejesine delmurdy. —Kakasy uran bolaýmasa ony!

—Hä, edeniň bar bol-a, edeniň bar bol-a seniň! —diýip, Gülsoltan daýza ýene Ýusuba igendi. —Git diýýäň sen. Gyza habar gatmak üçin pişmelije, süýjülije, ýanyňa dogan-garyndaşyňy alyp gitmeli ahyry! Men bu gyssagarada nädip ýetişeýin bu zatlara.

—Kadalaňňy soň edäýsene, eje! —diýip, Ýusup ejesini gyssady. —Sen ony urup öldüräýmänkäler, baryp bir gaýt.

Gülsoltan daýza birbada janyksa-da, özi Ýusupdan beter howlukdy. «Ol haram öweý ol çagany urup öldürmese-de biridir» diýip, içini gepletdi. öýüň içinde hozanaklap, düwünçegine süýji daňyp ýörşüne:

—Bu gün çarşenbe günem-ä däl. Beýle haýyrly iş üçin öýden çarşenbe güni çykmaly ahyry —diýip, özbaşyna hüňürdedi. —Bi zamanyň çagasyndan her zada garaşaýmalydyr!

—Eje, bolaýsana! —diýip, Ýusup ejesini ýene howlukdyrdy.

—Bir bahana bilen barmasam, nä ýüzüme baraýyn bumat olara. «Oglum gyzyňy ugradypdyr. Günäsini geç» diýeýinmi! Kakaňa-da hiç zat duýdurman gidibersemmikäm? Ol näme diýerkä?

Ejesiniň şol güýmeň-süýmeň edip durşuna Ýusubyň jany ýandy.

—Bolaýsana, eje! —diýip, sesini has gataltdy. —Kakama-da soň aýdarsyň. Olary köşeşdirip bir gel-how!

Gülsoltan daýza süýjüli düwünçegini goltuklap, ýola düşdi. Ol goňşulara derrew ýetdi.

—Salamälik —diýip, ýylgyryp salam berse-de, Täçjemal oňa «gel-geç» diýmedi.

Täçjemalyň gahary diňe Jemiläniň otuny Ýusubyň göterişeni üçin däldi. Gyzyň abraýly ýa-da biabraý boljagy-da onuň piňine däldi. Gyzyň öz elinden gitmeli pursadynyň ýakynlanyna onuň jany ýanýardy. Onuň göwnüne bolmasa, Jemile ömürlik öz gapysynda hyzmatkär bolup geçäýjek ýalydy. Ine, indi bolsa gyza duýdansyz halatda hyrydar tapyldy duruberdi. Täçjemal öz adamsynyň ýanyna häli-şindi gürrüňçilige gelip-gidip duran, özleriniň goňşulary Gurban aga-da, onuň aýaly Gülsoltan daýza-da diýseň beletdi. Ol öe düşäýse, Jemiläniň han ýaly saklanjagynam bilýärdi. Muny bolsa Täçjemal islänokdy. Ol öweý gyzlarynyň baran ýerlerinde-de hor bolup gezerini isleýärdi. Bu öe gelip, eje bolmaly aýal gyzlara basdaş boldy. Ol misli, gepe düşmez çaga mysaly, ýetim gyzlar bilen içinden bäsleşýärdi. Olaryň güni gowy bolsa, özüniň çydamajagyny-da bilýärdi. Döndiniň gowy ýaşaýanyna-da onuň jany ýanýardy. Hut gowy ýaşaýanlygy sebäpli, ol biçäre jigisi Jemiläniň ýanyna gelende Täçjemal oňa ýüz berenokdy.

Jemile babatda-ha Täçjemalda ýene bir pikir bardy. Eger adamsy razy bolsa, Jemiläni öz yzyna tirkäp gelen ogly Goşa dakaýmak hakda-da pikir edýärdi. Şeýtse, ol Jemiläniň tä ömri ötýänçä öýünde hyzmatkär boljagyny bilýärdi.

Täçjemalyň sesini çykarman, öýüne girip gitmesine Gülsoltan daýza ýüzüne urlan ýaly boldy. Ol birbada näme etjegini bilmedi. Sadylla bolup, biraz durdy. Şol wagt hem mellekden çykyp, onuň ýanyna Abdy aga geldi.

Abdy aganyň ýüzi gamaşyp durdy. Onuň içinde harasat gopýanyny ýüzünden mese-mälim bilip bolýardy.

Gülsoltan daýza oňa salam bermäge çemlendi. Ýöne ýetişmedi. Abdy aga ýoňsuz gepledi:

—Eger gyz diýip gelen bolsaň-a, ötägit, goňşy. Gyzyň özi barar yzyňdan.

Abdy aganyň ýoňsuz gepine Gülsoltan daýzanyň ýüzi lap-lap gyzdy, ýüregi endiredi. Her zadam bolsa, onuň gaharyna basalyk bolmak niýeti bilen sypaýy söz urdy:

—Wiý, goňşy, siziň bir zad-a gaharyňyz gelipdir.

Abdy aganyň joşup duran gaharynyň böwedi böwsüldi:

—Gahar gelmez ýaly edýäňizmi siz! —diýip, sesini öňküdenem gataltdy. —Sen ilk-ä ogluňy gyzymyň yzyndan ýollap, meni masgaralap, indem menden gaharsyz söz eşitjekmidiň dagy? Ejesiz ýetim gyzyň adyny masgaralap, meni ile ryswa etjek bolduňyzmy?

Abdy aganyň peşe ýalyjak zatdan pil ýasap, gykylyk etmesine Gülsoltan daýza hem gaharlandy, hem haýran galdy. «Öweý heleý bu görgüliniň halys enter-pelegini öwräen oguşýa. Bu asyl çagasynyň bagtynyň açyljak-açylmajagy hakda pikirem etmeýän ýaly-la» diýip, Gülsoltan daýza içini gepletdi-de, Abdy aga ýüzlendi:

—Waý-eý, goňşy, şu ýerde goh eder ýaly näme bar! Klasdaş bolup birje gezek gyzyň oty göterilipdir-dä. Göterişende näme! Ýüregi awandyr-da çaganyň. —Şeý diýensoň Gülsoltan daýza Abdy agany çakybam goýbermegi makul tapdy. —Ýürek awamaz ýalymy Jemile janyň bolup ýörşüne. Naçar maşgala halyna ýükçi eşege dönderildi-le o çaga.

Abdy aga gaýdyp sesini çykarman, öýüne girip gitdi. Gepi diňlenmänsoň, Gülsoltan daýza-da yzyna dolandy.

—Abdy aganyň gahary gelipdir! «Gyzymyň otuny göterişip, meni oba masgara etdi» diýýär —diýip, Gülsoltan daýza özüni ýolda garşylan Ýusuba habaryny berdi.

Bu habara Ýusubyň jany ýandy:

—O nähili masgara bolýamyş, eje! Klasdaşyňa kömek etmek masgaraçylykmy eýsem?

Oglunyň tapyp ýören aladasyna Gülsoltan daýzanyň-da gahary geldi:

—Sen näme, gökden düşdüňmi? Oba adamlaryna näbeletmi? Nä işiň bardy iliň gyzynyň otuny göterjek bolup!

—Meniň oňa şeýle ýüregim awaýa, eje. Gör-ä, ne gözel gyzy nädip ýör olar. Ol, Abdy aga diýýän adam özüne gaharlansyn! Joralaryna goşman, gyzyny ne güne salyp ýör!

Agşam Gülsoltan daýza ýagdaýy adamsy Gurban aga-da aýtdy. Јr-aýal maslahatlaşyp, «Abdy aganyň gahary gelýän bolsa, gaýdyp olara Jemileli mesele bilen barmaly däl» diýen netijä geldiler.

Gülsoltan daýza Ýusuba-da kakasy bilen gelnen netijäni ýetirdi. Ýusup ejesini diňlemegem islemedi:

—Eger gowulyk bilen alyp bermeseňiz, men Jemiläni alyp gaçaryn!

Ogullary goňşularynyň gyzyny alyp gaçaýsa, dawanyň has ula gitjegini bilip, Gülsoltan daýzadyr Gurban aga Abdy aganyň üstüne obada sylanýan birki sany ýaşulyny töwella iberdi. Abdy aga töwellany-da almady. «Asyl meň ol gyz bilen işim ýok. Ol meniň abraýymy ýere çaldy» diýip, şol bir gepini gaýtalady oturdy.

Jemilä öýde ýüz bermediler. Öweý ejesi oňa ne çäýnek-käse elletdi, ne ýumuş buýurdy. Kakasy bolsa, hamala doga lal ýaly bolup, ýeke sözem aýtman, girip-çykyp ýördi.

Öýdäki bu ýagdaýyň düzüwlige däldigini aňan Jemile ahyry özüniň äsgerilmezligine çydaman, dogany Döndiniňkä gitdi. Aglap-aglap, bar zady Döndä gürrüň berdi.

—Gürlemeýän bolsa, doňňara daşlar bolaýsyn şol heleýguly —diýip, Döndi kakasyna gahary gelip, gargyndy. —Bir gelmişek heleýe gowy görünjek bolup, öz perzendiniň başyna ne günler salýar ol, Hudaýdan daş düşen.

Soňra Döndi Jemilä öz öýünde ýaşabermegi maslahat berdi:

—Boluber şu ýerde, jigim. Gülsoltan daýzalar ýaly gowy adama rowa görmeýän bolsa, kakaň hiç wagtam seniň bagtyňy açmaz.

Abdy aganyň ýaşululary-da diňlemän goýbermesine Gurban aganyň jany ýandy. Ol: «Iýýänem bolsa, özüm gepleşeýin» diýip, pikir etdi-de, goňşusynyň ýanyna bardy.

—Abdy goňşy, arma-da —diýip, mellekden çykyp, el-ýüzüni ýuwup oturan goňşusyna ýylgyryp, gep goşdy.

Abdy aga Gurban aganyň gepine jogabam bermedi. El-ýüzüni ýuwdy-da, turdy gitdi.

—Be, goňşy —diýip, Gurban aga gahardan saňňyldady. —Sen nire, bi, adamçylykdan çykmalar nire! — Gurban aga ýene bir zatlar diýmek isledi. Ýöne Abdy aga onuň sözüni bölüp, awusyny pürkdi:

—Adamçylykdan sen çykdyňmy ýa men? Gyz gerek bolsa, başda adam ýaly bolup gelseň bolmyýamy gapymdan! Ogluňy gyzymyň üstüne iberip, meni ile ryswa etdiň. Asyl, adamçylyk diýen zat sende ýok eken!

—Be, goňşy... Şunça ýyl goňşy bolup oturyp, seni tanamandyryn-ow men!—diýip, Gurban aga baş ýaýkady. —Ile ryswa bolar ýaly näme boldy-how? Oglum gyzyň elinden tutdumy? Ýa bir bolgusyz gep aýtdymy? Ýaşlardyr-da! Bu wagt ilde gijeden-gije duşup, hatlaşyp ýörenem-ä kän. Meň oglum bolsa diňe klasdaşlyk üçin Jemiläniň otuny göterişipdir ahyry! Onsoňam, oglumy men iberemok ahyry şeýt diýip, gürrüňiň nähili seň, goňşy?

—Bar, gykylyk gerek däl maňa. Gyz-a häzir öýde-de ýok. Tapan ýeriňden al-da gidiber!—diýibem, Abdy aga öýüne girip gitdi.
Dowamy bar.

Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir