Köplenç, ynsanyň pikirlerini ýüzünden okap bolýar. Şol sanda ynsanyň özüni nähili duýýany hem ýüzünden belli bolýar. Biriniň pikirleri we duýgylaryny okamak islesek, ilki bilen onuň ýüzüni gözden geçirmeli.
Ýüze üns berip seretsek, birnäçe many görüp bileris. Ýüzlere seredip, ynsanyň günäli ýa-da günäsizdigini tapawutlandyryp bolýar. Ynandyryjy bolmak üçin sözlerimiz bilen ýüz yşaratlarymyz (mimika) biri-birine laýyk bolmaly. Käbirleri “Janym” diýende, ýüzleri “Janyň ýansyn” diýýär. Şol sanda göz bilen ýüzem biri-birine laýykdyr.
Ýüzümizde iň esasy organymyz gözler, beýleki ünsi çekýän organlar bolsa, dodaklar we dişlerdir.
Dodaklar birnäçe sms-iň çeşmesidir. Ynsan gaharlananda dodagyny dişleýär. Bu iç dartgynlylygyň alamatydyr. Dodakda çykýan uçuk bolsa, kanagatlanylmaýan duýgylaryň döredýän lapykeçlikden gözbaş alýar. Ynsan özüni gowy duýanda dodaklary gülgüne bolup gyzarýar. Daş keşbine üns berýän adamlaryň gözleri ýalpyldawuk, ýüzlerinde ýylgyryş, dişleri tämiz we akjadyr.

Saçlar.
Saçlaram daş keşbimizi bezeýän zatlaryň biridir.
Eger kesilen bolsa, tekiz, göni kesilen, tämiz, ýalpyldaýan, ýörite saç serişdeleri bilen iýmitlendirilen bolsa, ynsanyň daş keşbine gözellik goşýar.
Garrylyk- bir nukdaýnazardan seredeniňde, bu ruhy kämillik döwri. Ak saçlaram kämillik şapagynyň aýdyňlanmagydyr. Ynsan garradygyça fiziki funksiýalarynyň işjeňlegi azalýar, emma, ruhy kämilleşmesi artýar. Tebigy taýdan ynsan garradykça organlary könelişýär we beden güýjini bölekleýin ýitirip başlaýar. Ýöne, ynsanyň ruhy garrasada ölmeýär. Ol soňuna çenli ýaşaýar.
Aslynda ynsanyň ýaşy hasaplananda aşakdaky 4 zady gözöňünde tutmaly.
1. Ynsanyň görkezýän ýaşy.
2. Özüni duýýan ýaşy.
3. Senenamadaky ýaşy.
4. Ynsanyň akyl ýaşy.
Bilýänsiňiz, käbir adamlar 30 ýaşynda garry görünýär, käbirleri bolsa 70 ýaşasa-da ýaş görünýär. Ýa-da “ýaşyňdan uly görünýäň” ýa “kiçi görünýärsiň” diýen sözlerimizi ýada salalyň. Bu ýaşaýyş şekli, düşünje, pikir we duýmak bilen bagly ýagdaýdyr.
Gysgaça, özüňizi näçe ýaşda duýýan bolsaňyz, ol ýaşdasyňyz.
Wagt üýtgeýän zat (otnositellik ýagdaýda, türkçe göreceli) Einstein’den öň wagt ýeke we mutlakdy (üýtemeýän). Ol, wagtyň ynsandan ynsana üýtgeýändigini bize subut etdi.
Einstein: “Bir ynsan söýýän adamsy bilen bir sagat gürrüň etse, bu söhbetdeşligiň 10 minut dowam edendigini aýdyp biler, şol bir ynsany pejiň üstünde 10 minut oturtsaňyz, turanda 1 sagat oturandygny aýdar” diýýär. Hakykatdanam gowy görýän, söýýän adamlarymyz bilen bile wagtymyz, wagt suw ýaly akyp gitýär, emma, halamaýan birimize 5 minudam zordan çydaýas. Ine bu, wagtyň otnositellik ýagdaýydyr. Ýagny, şertlere görä wagtyň ynsanlar tarapyndan düşünilşinde tapawut bolýar.
Sagadyň ölçeýän wagty bilen duýýan wagtymyz tapawutly bolup biler.

Gorky bedeniň adrenalin bölüp çykarmagyna sebäp bolýar. Çalt garramak hem esasy gorkylardan gözbaş alýar.
Agaran saçlar ölümi ýatladyp, ynsanyň hereketlerine, özüne, saçyna has köp üns berip, gowy seretmegine täsir edýär.

Ruh gözelligi kitaby.

Bilim, Nirvana tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir