Salam, giç ýagşy hemmäňize. Bilýän PNB mowzuklarymy manysyz ýaly etsemde #6 ýetirdim, emma ol onuň soňy däl. Ýöne dalşe düşünmegiňiz üçin biraz sistemanyň işleýşinden kelle çykarmagy öwrenmegiňiz gerek bolar. Elbetde men özümi ekspert hasaplamok, emma biraz bolsa hem daş töwereklerde bolýan zatlary aýyl saýyl etmäne kömek ederin diýen umytda ýazýaryn, we wagtyň geçmegi bilen, nämäni düşündirjek bolýanyma özüňiz hem pikir edip düşünip başlarsyňyz.

Köp teswirlerde men kämahal "Ynam, iň gorkunç güýçdir" diýen sözi ulanýaryn. Elbetde, Din diýlen zat hem Ynam esasynda gurulan zatdyr. Şol sebäpden biz dogulandan aňymyza guýlan zada ynanýarys we ikirjiňlenmäne gorkýarys. Has takygy biz jemgyýetiň pikiri bilen ýaşaýarys. Bu bolsa biziň pikir dünýägaraýşymyzy edil garaňky tümlükde elimiz şemli diňe 1 ädim öňümizi görmäne mümkinçilik berýän ýaly ýagdaýda saklaýar.

Belli zat, köp adamlar ABŞ islam dinini zäherleýär we ş.m. ýaly zatlary bir topar delilli wideolary bilen subut etjek bolýarlar. Ýöne gowy edip analiz etseňiz, onda hatda Amerikanyň şou biznesinde hem dini tarapdan balans saklanýanlygyny görmegiňiz mümkindir. Gep Islam hakynda gidýänligi üçin men Amerikadaky ady belli Musulman bagşylaryň adyny agzaýyn. Ýagny Niki Minaj asly musulman AfroAmerikankadyr. We onuň kliplerinde, Islam dinine bolan ýöňkemeler we kakdyrmalar gaty köp gabat gelýär. Şol sanda bolsa beýleki ady belli bagşylar sanawy:
Cardi B - Katolik
Iggy Azalea - Prawoslawnaya
Selena Gomez - Budistka
Ariana Grande - Yewreyka
Taylor Swift - Ateist
Demi Lovato - Merfaistka
Ed shiran - prawaslawny
Zayn malik - musulman
Charlie puth - ateist

Indi öz auditoriýasyny ýokaryk götermek üçin aýdymçylar bilelikde aýdym çykarmaly bolýarlar we şol sanda dini bakyşlaryny kliplerinde garýarlar, öz dinimizden bir bölek priprawa atylandygy üçin ol klip bize ýakyn görünýär we ýatda galyjy we populýarny bolýar. Meselem:

Ariana Grande, Niki Minaj we Jessie J - Bang bang aýdymy göräýmäne ilk bakyşda ýönekeý ýakymly aýdym, emma ol Yewreý + islam + hristian bolup çykan önüm.
Ýene bir meselem:
Dj snake, Azune, Cardi B we Selena Gomez - Taki Taki aýdymynda eýýäm, prowoslaw + islam + katolik + buddizm garymy bolanyndan poçti dünýä ony söýüp diňledi.

Arianany Azia we islam döwletlerine söýdürmegi başaran aýdymlary elbetde Niki Minaj bilen bilelikde çykaran hitleridir, Australia bolsa ýekeje aýdym bilen özüni tanatdy ýagny Iggy Azalea bilen aýdan Problem aýdymy bilen. Tutuş dünýäde özüni tanadan we käbir ýurtlarda görülmegi gadagan edildi diýen habar ýaýradylandygy üçin hemmeler imenno şol aýdymyny gözläp diňläp gördüler, elbetde gepi gidýän aýdym God is a woman aýdymydyr.

Indi siz takmynan aýdym sazdaky dini balansy görensiňiz we diniň garylmagy bilen emele gelýän üýtgeşik effekti hem gördüňiz. Aýtmasa Taylor Swifting - Bad blood aýdymynda Tayloryň armiýasyny oýnan aýallaryň ählisiniň Ateistliginden habaryňyz barmy?)) We Klipde Kedrik lamar rep okaýar (islam) we Selena Gomez (buddist) Tayloryng duşmany bolup oýnaýar.

Indi real durmyşa serediň, sizä bilemok emma men gaty köp dini tarapdan garyşan maşgalalary sanap biljek, we imenno şolar ýaly maşgalada ulalan çagalar üstünlikli beýik adamlar ýa-da kezzaplar bolup ýetişýärler. Meselem dini garyşma diýenimde, kakasy musulman ejesi hristian ýa tersine. We çagaň gowy ýetişmegine imenno är aýalyň dini baglanşygy täsir edýär we eger şol iki jübüt birek biregine düşünmese we mydama seniň diniň eýle meniňki beýle bolup dawalaşyp gezseler, onda olaryň miwesi (çagasy) hem palah (kezzap) bolup ýetişýär.
Egerde är aýal dinleri üýtgeşik bolsa hem, birek biregini sylasalar we iki diniň däp dessurlaryny hem bilelikde ýerine ýetirip biri birini goldap ýaşasalar, olaryň çagalary hem giň dünýägaraýyşly, akylly we parasatly beýik adam bolup ýetişýär.

Isleseňiz has düşünikli edip dowamyny ýazjak. Agyrrak ýa-da köp manyly edip ýazan bolsam bagyşlaň, indiki mowzuklarda has giňişleýin durup geçjek bolaryn. Sabyr edip okanyňyz üçin minnetdar.

Sorag-jogap, TrustORG tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir