Salam hormatly okyjym! Bu blogymda men size ucoz-dan mugt saýt açmagy öwretmekçi. Onda başladyk:



1. Ilki bilen aşakdaky salgy boýunça ucoz.ru saýtyna girmeli.



http://www.ucoz.ru/register?pguid=1996092168



2. E-mail adresiñizi we parolyñyzy ýazyp "Создать сайт" basmaly ýa-da aşakdaky wkontakte, facebook , yandex, google, ok.ru hasaplaryndan birine girip saýta agza bolup bilersiňiz.



3. Soňra "Адрес сайта" diýen ýere saýtyň adresini ýagny adyny ýazmaly.



4. Saýt adresini ýazanynyzdan soň şonuň yzyndaky "ucoz.net" diýen ýere basanyñyzda siziň garşyñyza



ucoz.net



usite.pro



ucoz.site



ucoz.club



ucoz.org



at.ua



my1.ru



clan.su



moy.su



do.am



ucoz.pl



ýaly domenlerden birini saýlap , dörtburçlyga ⏹️nike ✔️ goýup "Создать сайт" basmaly.



5. Soňra çykan sahypadan "Персональный сайт" diýen ýere saýtyň adyny ýazyp , "Продолжить" basyp göni geçip gidibermeli . Sebäbi saýtyň dizaýny bilen dilini soñundan hem üýtgedip bilersiňiz.



6. Ondan soňky çykan sahypadan "интернет магазин" den galanyna nike ✔️ goýup "Продолжить" basmaly.



GUTLAÝAS indi siz ucoz-dan mugt saýt açmagy öwrendiñiz.



Indi bolsa men size admin paneline girmegi öwredeýin.



Admin paneli näme?



Admin paneli ýönekeý dilde aýdylanda saýt admininiñ ( saýt dolandyrjysynyň) saýtyň içini doly üýtgedýän ýeri. Ýagny siz admin paneline girip saýtyň içini üýtgedip bilersiňiz.





Admin paneline nädip gitmeli?



1. Admin paneline girmek üçin ucoz-dan açan saýtyň yzyna "admin" ýazmaly. Meselem : https://gercek.moy.su/admin



2. Soňra çykan sahypadan öz parolyñy ýazyp "Вход" basyp admin paneline girip bilersiňiz.



Arzan bahadan saýt acdyrmak



Eger siz ýokardakylar ýaly zatlara kelläni agyrman özbaşdak saýt acdyrmak isleseňiz 10 manada açyp bereýin. Şondan arzan açyp berjegem ýokdyrla sebäbi ucoz-dan saýt açyp içini düzetmek kelle agyry. Ynanmasañyz òziñiz synag edip bilersiňiz. Ýöne bir içini gowlanyñdan soň bize diňe islän zadyñy paýlaşaýmak galýar.



Ucozdan nähili saýt açyp bolýar?



Habar,blog,forum ýaly saýtlar açyp bolýar.

Ine ucoz-dan açylan meşhur türkmen saýtlary.



Kitapcy.com



Hekaya.clan.su



Doganlar.ucoz.net



Clanstawka.clan.su



Gercek.moy.su



Siz hem ýokardakylar ýaly saýty ucozdan mugt açyp bilersiñiz. Eger maňa açdyrmak isleseňiz gercek.moy.su saýtyndan habarlaşyp bilersiňiz.



Üns berip okanyñyz üçin sag boluň.



Blogy ýazan : Gerçeknazar Amannazarow/ blogger



Çeşme: https://gercek.moy.su

Tehnologiýa, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir