Hytaýyň Sohu portalynyň alypbaryjysy Gara deňizden Amerikanyň soňky F-35 bombardirleriniň köpçülikleýin howa hüjümine Moskwanyň "jogabyny" çaklady.

Awtoryň bellemegine görä, hüjüm hereketleri bolan ýagdaýynda Nato "ullakan sýurprize" duçar bolar - Krymda ýerleşdirilen S-300PM-2 howa hüjümlerinden goranyş ulgamlary.

200 den 250 kilometre çenli aralykda Amerikanyň täze gizlin (newedimka) gyryjy samolýotlaryny tapyp biler we F-35 Rossiýa howa serhedini bozan dessine olar şu ýaraglar tarapyndan urup düşüriler.

‌Makalaň awtorunyň aýtmagyna görä, Gara deňizdäki pozisiýasy ABŞ we NATO üçin birnäçe möhüm şäherlere hüjüm etmäge mümkinçilik berýär,ýöne dürli tip we nesillerden ybarat Rossiýaň howa hüjüminden goranmak ulgamy Günbatar koalisiýasynyň pikirini üýtgetmäge mejbur eder.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda S-500 howa hüjüminden goranmak ulgamlarynyň birinji brigadasy Moskwa harby okrugy bölümleri bilen işe girişdi. Ikinji brigada 2022 ýylyň birinji ýarymynda söweşjeň wezipelerne başlarlar. Bu ulgam ýakyn älemdäki (kosmos) gipersesli ýaraglary we duşmanyň emeli hemralaryny ýok etmäge ukyply.

Noýabr aýynda Rossiýaň Goranmak ministrligi S-550 zenit-raketa ulgamynyň üstünde işläp başlandyklarny yglan etdi.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir