Sensiz ähli zada öwrenişýärin,
Köçämizden aglap geçse şemalam.
Sensiz ähli zada öwrenişýärin,
Känbir gussa çekmeýärin şumalam.

Sensiz ähli zada öwrenişýärin,
Öňküsi deý Aýly, ýyldyzly asman.
Ýyllar şemal bolup geçende aglap,
Köne ýaralaryň bitmegi ahmal.

Ýogsam bir zadymy ýitiren ýaly,
Saňa derek aýnamyzdan Aý baksa.
Henizlerem ylgap çykýan işige,
Nätanyş ýolagçy gapyny kaksa.

Çary ÝEGENMYRADOW

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir