Men kän ýerde ýüregiňi duýaryn,
Men bar zatda düşünerin halyňa.
Ömrümi yşkyna girew goýanym,
Duýgularym alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Asman tüme dönse, ýyldyzlar öçüp,
Baglara gyş gonsa, guşlary uçup,
Ynan, geler diýip, bar zatdan geçip,
Şol ynamyň alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Kinniwanja şatlyk bolsam gussaňa,
Zemin göwnüm telwas eder Asmana,
Menziller kär etmez bagra basmaga,
Söýgim meni alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Bu bir durmuş, käte dünýäň daralsa,
Üşeseň, ýyljajyk mähre zar bolsaň,
Men ýeterin, şu jahanda bar bolsam,
Söýgim meni alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Gülşirin HANOWA.

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir