Dünýäde çen-takmyn bilen 10-20 müň musulman bolmagy mümkün.Galan 1,9 milýardy bolsa,özüni musulman hasap edýän adamlar.Musulmançylygy kabul etdiňmi,onuň şertlerini hem doly ýerine ýetirjek bolmaly.Nirede ýazylan ýeri bar?
"Üç gezek kelimäňi gaýtar,soň sen musulman,edesiň geleni zady ediber" diýip.
Baýramçylyk bolsa içip-çekip,adamlary aldap,namaz okaman,oraza tutman,işiň bitmegi üçin pul alyp,biriniň üstünden pirikol tutup,gybatyny edip,ejesine çenli baryp....Soň ýene sorasaň "men musulman" diýen adamlar bar.
Şerigatyň talaby köp.Şol talaplary ýerine ýetirmän "men musulman" diýmek,nä derejede dogry,men ony bilmedim.
.......
-
yyldyz.
2 years ago
- dogry pikir
-
Dowsypat00
2 years ago
- Kanture,bolmagy mümkün!
-
Khanture
2 years ago
- Hemmede musulman däldeý meselem 5 wagt namaz okamaly... shony bir iki wagt okap musulman men diyyanlera hic, hichili namaz okaman men musulman diyyanlere hayran galyanow...
-
yyldyz.
2 years ago
- Namaz okaman, Oraza tutsañam musulman däl bolýañmy?
-
Dowsypat00
2 years ago
- Aramyzda ýörgünli bolan "Ejeňe palan edeýin!" diýen sözlem däl-de,"Ejeňe saglyk bolsun!" diýen sözlem ýörgünli bolanda,gör näçe dawaly meseleler,parahatlyk bilen çözülerdi.
-
Khanture
2 years ago
- Musulman bol Ateist bol... esasysy adam boluňou kim bolsaňa Allajanym hälem meni adam edip dünýä iberipdir... Allah islese meni ermeni, grek ýa ýewreý edibem ibererdi... Ýöne men şondada yzarlap yzarlap ,,yslamy" tapardym...
-
Khanture
2 years ago
- Yyldyz musulman bolsan bash parzy hokman yerine yetiraymeli (elbetde basharyp bildigince)
-
Khanture
2 years ago
- Döwsypat okuwçykak mekdepde iki klasdaş sögûşip gitdi şonda biri ,,ejjeň ömri uzak bolsyn!" Diydi... soň dawa gutardy...
-
yyldyz.
2 years ago
- biziñ klasdada gyzlañ arasynda köp aýdylardy, ejen uzak ýaşasyn diyip
-
Dogrudawalla
2 years ago
- Bu dünýäde "Men musulman" diýip dilleri gürlesede o dünýäde sorag soralanda diller edilen amala görä jogap berer. Bendäñ nirede ýalkanjagy belli daldir. Allatagala islese bagyşlar namaz okamadygam bolsa, islemese namaz okanam bolsa bagyşlamaz eger iki ýüzli munafik adam bolsa. Hemme zat Allatagalañ elinde.
-
Barbary
2 years ago
- Iman bilen amal aýry-aýry zatlar diýilýär. Allatagala iman edip Muhammet saw-yň pygamberligini tassyklan adam musulmandyr. Ybadatlary terk eden adam günäkär bolýar. Günäleri (arak içmek,doňuz etini iýmek ýaly zatlar) äşgär edip ýörse,toba etmese imansyz gitmegi mümkin diýilýär.
-
Barbary
2 years ago
- Onsaň hem özüňe baha berip bolanok dünýäň ýagdaýyny nädip biljek, Pygamberimiz saw döwründe musulmanlar bilen kapyrlaň arasynda bolan söweşde bir kapyr urşup durka ýaragyny taşlap keleme şähädet aýdýaram welin musulman ony öldürüpdir, bu habar Pygamberimiz sawa ýetende ol ony öldüren adamdan sorapdyr :
—Näme üçin sen iman eden adamy öldürdiň? diýip,ol adam:
—Ýok,ol ýalandan iman eden bolýär–diýipdir, Pygamberimiz şonda şeýle diýýär,şol söz şu mowzugy açanada degişli :
—Sen näme onuň kalbyny açyp gördüňmi ?
-
Dowsypat00
2 years ago
- —Sen näme onuň kalbyny açyp gördüňmi ?
Adamynyň kalbyny bileniňden bilmedigiň gowy.
-
Dowsypat00
2 years ago
- Menin aytjak bolyan zadym,ozümizi musulman diyyasde,yone shona layyk bolmak uçn hiç hili hereket edemizok.
-
Dowsypat00
2 years ago
- Menin aytjak bolyan zadym,ozümizi musulman diyyasde,yone shona layyk bolmak uçn hiç hili hereket edemizok.
-
Barbary
2 years ago
- Dogry,"Nämazy ýoguň dini ýok", " Namaz yslamda kelläň bedendäki roly ýalydyr,ýagny namazsyz yslam,kellesiz beden ýalydyr" diýilen bolsada namaz okamaýan ýöne Allatagala ynanyp oňa iman eden adama kapyr diýmek dogry däl diýýärler. Beýle adam köp günäli musulman bolýar, dogry musulman bolsaň diniňde berk durmaly 5 wagt namaz,oraza, hüşür-zekat ýaly diniň buýrýan zatlaryny etmäge gaýrat etmeli. Ýöne hiç kim edenok diýmek ýalňyş bolar ol zatlary ýüregi bilen edýänler az hem bolsa bardyrlar, özüm hem şaýat boldum birnäçesine.
Khanture 2 years ago- 15 mln zat barmyka diyyardim mena...