6-njy ýanwarda Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykda türkmen döwletiniň Baştutanyna şu ýylyň 4-20-nji fewraly aralygynda Pekinde geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga resmi diplomatik çakylyk hatyny gowşurdy.

Çakylyk hatynda: “Hytaý tarapy 2022-nji ýylyň 4-20-nji fewraly aralygynda Pekinde gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirer. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini nazara almak bilen, hytaý tarapy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti jenap Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy gyşky Olimpiýa oýunlarynyň Pekinde geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrýar” diýlip bellenilýär.

Dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp we oňa  Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny gowşuryp, Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Liderine Pekinde geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga iberen çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Täzelikler, TrustORG tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir