Hindistanyň Goa ştatynda "Mançester Ýunaýted" hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň heýkeli goýuldy.
Ýerli häkimiýet wekilleri bu heýkel ýaşlary futbola höweslendirer diýip umyt edýärler.

Emma ýerli halk bu wakadan närazy. Bir wagtlar bu ştat Portugaliýaň koloniýasydy we närazy raýatlar Portugaliýadan garaşsyzlygy gazanmaklarynyň 60 ýyllygyna portugaliýaly futbolçyň heýkeliniň goýulmagyny masgaraçylyk diýip hasaplaýarlar.

Şeýle-de, käbir tankytçylar ýerli futbolçularyň üstünliklerine köpräk üns bermeli,diýip belleýärler.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir