Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirýändiginiň, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Bu günki çärä gatnaşyjylaryň her biri döwletimiziň häzirki zamanyň howply wehimlerine garşy durmak we mähriban halkymyzyň saglygyny, abadançylygyny goramak baradaky tagallalaryny goldap, ýörite peçlerde ýakylýan oda ele salnan neşe serişdeleri, kontrabanda temmäki we gadagan edilen derman önümleri bolan gutulary öz elleri bilen okladylar. Düzgünnama laýyklykda, neşe serişdelerini ýakmak çäresi hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hem-de ygtyýarly bilermenleriň gözegçiligi astynda geçirildi.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport zallary hem-de ýüzülýän howuzlary bolan mekdepler gurlup, yzygiderli ulanmaga berilýär.

Neşe serişdelerini, kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýakmak boýunça geçirilen çärä gatnaşyjylar ýaramaz ýagdaýa, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine garşy gönükdirilen umumy göreşe goşulmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir