Mirasy nähili tertipde kabul etmeli?

Mirasdarlar, goý ol kanun boýunça ýa-da wesýetnama boýunça mirasdar bolsun, mirasy kabul etmeli. Ýagny, mirasdar tarapyndan mirasyň ýüze çykarylan ýeri boýunça notarial edarasyna mirasy kabul etmek hakynda arza berilmeli. Şonda miras kabul edilen hasaplanylýar. Ýa-da mirasdar hakykat ýüzünde emläge eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga girişmeli, munuň özi onuň mirasy kabul edendigine gürrüňsiz şaýatlyk edýär. Eger mirasdar mirasyň bir bölegine eýeçilik etmäge hakykatdan girişen bolsa, şol emläk nähili beýan edilse hem we haýsy ýerde bolsa hem, ol dolulygyna kabul edilen hasaplanylýar. Eger mirasdarlaryň biri mirasdan paýy almakdan beýleki mirasdaryň peýdasyna ýüz dönderse, şeýle hereket mirasyň kabul edilmegi hasaplanylýar. (Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1180-nji maddasy).

Aliment töletmek meselesi boýunça kazyýete ýüz tutulanda döwlet pajy tölenilýärmi?

Türkmenistanyň Raýat iş-ýörediş kodeksiniň 80-nji maddasyna laýyklykda, alimentleri tutup almak we ekläp-saklamak hakynda hak islegleri boýunça hak isleýjiler döwletiň girdejisine kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşadylýar.

Nikasyz dogulan çagalar kakasynyň mirasdary bolup bilermi?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1073-nji maddasyna laýyklykda nikasyz dogrulan çaga, eger onuň kakalygy kanunda göz öňünde tutulan tertipde kesgitlenen bolsa, kakasynyň mirasdary hasaplanýar. Eger şeýle çaga kakasyndan öň ölse, onuň çagalary özleriniň kakasyna degişli mirasyň paýyny talap edip bilerler.

Hossarlar ýa-da howandarlar saýlanylan mahalynda olara nähili talaplar bildirilýär?

Hossarlar ýa-da howandarlar saýlanylan mahalynda olaryň şahsy häsiýetleri, hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny ýerine ýetirmäge ukyby, hossar ýa-da howandar bilen hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamyň arasyndaky gatnaşyklar, şeýle hem eger bu mümkin bolsa hossarlykda bolýan adamyň islegine üns berilmelidir. Saglyk ýagdaýy sebäpli öz hukuklaryny özbaşdak gorap we borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän kämillik ýaşyna ýeten kämillik ukyply adama howandar diňe onuň öz razylygy bilen saýlanyp bilner. Hossarlyk we howandarlyk edaralary geljekde hossar ýa-da howandar diýlip bellenip bilinjek adamyň şahsyýeti barada maglumatlary almak maksady bilen, özüniň hossar ýa-da howandar bellenilmegi barada arza beren adamdan degişli resminamalaryň berilmegini talap etmäge haklydyrlar. Hossarlyk we howandarlyk edaralary özüniň hossar ýa-da howandar bellenilmegi barada arza beren adam barada içeri işler edaralaryndan, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy edaralaryndan, saglygy goraýyş, bilim we gaýry edaralardan maglumatlary soramaga borçludyrlar. Şonda hossarlyk we howandarlyk edaralary diňe onuň hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny ýerine ýetirip bilmek ukybyny kesgitlemäge mümkinçilik berjek maglumatlaryň berilmegini talap etmäge haklydyrlar. («Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasy).

Sorag-jogap, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir