Alaçsyz söýgim 9-njy bölümi

Men bolsa,ýere siñip barýardym.Ejeeeemjaaaan sen niiireeeeedeeeee?!!!
Aglap-aglap janymda jan,sesimde ses galmady.Meniñ añym üýtgäp barýar.Beýle hupbatlary kim göterip bilerkä?Men gaty ejiz!Men ýetim...Ejemjann
Şol gün kakam dagy geldi.Kakamy görüp kakamyñ ýanyna baryp ony gujakladym.
-Salam kakajan,gowymy ýagdaýlaryñyz?!
-Salam,gyzym!Oñat özüñ gowymy?
-Men-ä gowy däl kaka!Meniñ ejemjan aradan çykypdyr.Bu barada maña näme üçin habar bermediñiz?!
-Wah,gyzym men nireden habar bereýin?!Ejeñ gyzym bilen gatnaşsañ razy däldigini aýtdy.Men şol sebäpden aýdyp bilmedim gyzym!
-Ejeme näme boldy kakajan?!
-Wah,ejeñ görgüliñ ýüreginden tutdy.Seniñ adyñy aýdyp düýşünde-de gygyrýardy.Ol senden närazydy gyzym.Otursa-tursa şol günki wakany ýadyna salyp aglar oturardy.Ene ýüregidä näzik bolýarda gyzym!Senem ene bolanyñda düşünersiñdä gyzym!Ejeñ öljegini öñünden bilýän ýaly,men ölsem gyzyma seretgin diýipdi gyzym!Ol saña hat ýazyp gitdi.Bar,gaýgysy diñe sen bolduñ!Gyzymjan ejeñ ýüregine ýara goýduñda!
Meniñ damagym doldy.Gözlerim agyryp başlady.
-Kakamjan,ejem barysyna ýalñyş düşündidä!Men şol gün bolan zatlary ejemjana aýdyp bilmedimdä!Men zorluk bilen alaçsyz gelin bolmaly boldum.Wah,kakamjan men öz erkim bilen gaçamoga!Maña sütem etdi,meni alyp gaçdy.Men aslynda ol oglany erbet göremokdym.Ýöne siziñ razylygyñyzdaky oglana durmuşa çykmakçydym.Nesibede ýokdurda kakam!Men oña bu zatlary aýtmaga baramda,ol meni alyp gaçdy.Kakamjan men alaçsyz galdym.Şunça yzyma gaýtjak boldum bolmady.Bir gelin bolamsoñ,ondan gaýdyp bilmedim.Ýöne şol gün ejeme bu hakynda aýdyp bilmedim.Sebäbi aýtsam men ejem bilen gitmeli boljakdym.Aýtmadygymyñ sebäbem men Arslany söýýärdim.Wah,ýöne men ýalñyşypdyrn kaka!
-Näme üçin gyzym?!
-Kakamjan men ejemi diñlemeli ekenim.Ejemjan dogry aýdýan eken.Ol hakykatdanam haramzada oglan eken.Men onuñ görküne,baýlygyna aldanypdyrn kaka!Indi bolsa,ýekejede ýüzüni göresim gelenok.Wah,men şol gün ejeme şu zatlary aýdan bolamda,beýle zatlar bolmazdy.Ýöne,ejem maña ynanmaz öýdüpdüm.Kakajan garaz,ejemjanyñ ölümine men sebäp boldum.Men ölüme mynasypdym.Men siziñ ýüzüñizi ýere saldym.Bu zatlara bolsa,mañlaýym daşa degensoñ düşündüm.Ejemjannnn meniñ ýeketäk perişdämdi.Ejemjanyñ sözlerini oñlaýardym.Ony ýerine ýetirmäge çalyşýardym.Emma,men ejemiñ gyzy bolup bilmedim kaka!
-Gyzymjan,aglama ýatan ýeri ýagty bolsun!Ony özüñden görüp,özüñi gynap ýöreme!Boljagydyr gyzym.
Kakam maña giñlik berdi.
-Kakajan indi diñe sizde boljak.Seniñ ýanyñdan birje sagadam gitjekdäl.Ejem maña hat ýazdy diýipdiñiz!
-Hawwa gyzym,ol haty özümem okap göremok.Ejeñ pahyr gyzym hökman geler,şol gelende şoña bergin şu haty diýipdi.Al gyzym okap göräý.
Men haty açyp okap başladym.Haty okanymdan gygyryp aglap başladym.Ýüregim jigledi.Ol ýerde şeýle sözler bardy.
-Men senden razy däl gyzym!

Edebiýat, Black Wolf tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir