Jumpstart

RU

"ALTYN ASYR" ÝPGJ
Aşgabat ş, Oguzhan köçesi 217

744000

Hemaýat telefony: 088
(+99312)93-02-79
(+99312)93-20-26
Image
Biz barada
TMCELL – «Altyn Asyr» kompaniýasyna degişli harytlyk nyşany we hasaba alynan harytlyk belgisi. «Аltyn Asyr» - Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.
“Altyn Asyr” ÝGPJ-halkyň hyzmatynda
Gün geçdigi saýy özgerýän, ösýän, ahli ugurlarda diňe üstünlik gazanýan, gysga wagtyň içinde özüni dünýä ykrar etdirmegi başaran, bäş müňýyllyk geçmiş taryhynda alem-jahany haýran eden ata-watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda hem dünýäni haýrana goýmagy başarýar.

“Gahryman Arkadagymyz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, “Döwlet adam üçindir” diýen şyragy öňe sürdi. Halkyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalar edilýän ýurtda halka ösen derejede hyzmat etmeklik hem barha güýçlenýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýyla çenli “Baş ugry milli maksatnamasy, Türkmenistanyň ykdysady, syýasy we medeni ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň №6743 belgili karary esasynda 2004-nji ýylyň iýun aýynyň 4-ne “Türkmentelekom” Döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniyasynyň düzümine degişli bolan “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasyny döretmeli diýip belledi.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň 2004-nji ýylyň iyun aýynyň 10-na №61 karary esasynda we”Türkmentelekom” Döwlet elektrik kompaniýasynyň №115 karary esasynda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy döredildi. Aragatnaşyk ministrliginiň we “Türkmentelekom” Döwlet elektrik kompaniýasynyň döreden “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy Bütindünýä assosiýasynyň öýjükli aragatnaşygyň GSM standartynyň agzasy bolup, TMCELL 43802 indeksly belgisi esasynda resmilleşdirilýär.

2005-nji ýylda öýjükli aragatnaşygyň 2 nesline degişli bolan GSM standartynda işleýän ulgamyň göwrümi 50 000 belgiden ybarat bolan enjamlary “Siemens AG” nemes kompaniýasy Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda işe girizdi. 2005-nji ýylyň aprel aýyna Aşgabat şäherinde 1500 müşderi milli öýjükli aragatnaşyk sistemasyna birikdirildi.

2009-nji ýylda öýjükli aragatnaşygyň 3 nesline degişli bolan UMTS standartynda işleýän ulgamyň enjamlary ilkinji bolup Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda işe girizildi.

Innowasion tehniki tehnologiýanyň wagyt saýy bilen ösmegi ähli ulgama öz täsirini ýetirýär. “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk operatory hem Türkmenistanda ilkinji bolup 2010-nji ýylda UMTS standartynyň 3G ulgamynyň üçünji görnüşini ulanyşa girizip, şol ýylyň aprel aýynda bu ulgamyň müşderileriniň sanyny ýarym milliona ýetirýär.

2012-nji ýylda öýjükli aragatnaşygyň 4G nesline degişli bolan LTE standartynda işleýän ulgamyň enjamlary Aşgabat şäherinde hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde işe girizildi.

Nyrhnamalar
Internet 50
Sowgat 1000+
Çäksiz gepleşik+
Sowgat 2000
Sowgat 500
Gürleşiber
Hyzmatlar
Rouming
TMCell töleg
TMCell saz
Mobile TV
RBT hyzmaty
Ynamly töleg
Täzelikler
blog.1.image
Täze öýjükli aragatnaşyk enjamlary
Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesiniň Çürçüri, Gujurly we Gyzylsakgal...
Täzeliklere ýazyl
Täzeliklere ýazylmak üçin elektron poçtaňyzy giriziň

Elektron poçta
Siziň elektron poçtaňyza tassyklama barar
© 2021 TMCELL
TM
RU
EN

Täzelikler, Gözellik. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir