Кimdir biri Hassan-al Bolkia diýen milliarder-hökümdary tanaýamy? Bruneý atly nebite baý kiçijek döwletiň bu soltany taryh üçin sähelçe wagt bolan 20 ýyl öň milliarderleriň sanawynda ilkinjilerden biri, ajaýyp ýaşaýyş boýunça şübhesiz birinji orunda-dy.
Şol wagtlar reýtinglerde gazylmalardan uly baýlyk toplan rossiýaly oligarh-milliarderlerem ep-esli bardy.

"Форбeс” reýtingi diňe bir milliarderleri däl-de,pul we baýlygyňam nähili biwepadygyny görkezip berýär. Ýene-de bir gyzykly fakt bar- milliarderlik nyşanyna öwrülen Uorren Baffet 90 ýylda tapan baýlygyny Ilon Mask 9 aýda tapdy.

Geliň uzak taryha dälde,10 ýyl yza gaýdalyň we güýçli onlukda ýerleşýänleň baýlygy we ugry bilen gyzyklanyp göreliň:

1. Карлос Слим Элу (Grupo Carso, телекоммуникация) – 74,0 млрд доллар

2. Билл Гейтс (Microsoft) – 56,0 млрд

3. Уоррен Баффет (Berkshire Hathaway) – 50,0 млрд

4. Бернар Арно (LVMH) – 41,0 млрд

5. Ларри Эллисон (Oracle) – 39,5 млрд

6. Лакшми Миттал (металлургия) – 31,1 млрд

7. Амансио Ортега (dokmaçylyk) – 31,0 млрд

8. Эйке Батиста (dag-magdan) – 30,0 млрд

9. Мукеш Амбани (miras kapitaly) – 27,0 млрд

10. Кристина Уолтон (Walmart dükanlary) – 26,5 млрд

Ine şu ýyllarda özboluşly taryhy ýagdaý ýüze çykýar-bu reýtingiň köp ýyllyk lideri Bill Geýts ikinji oruna düşýär hemde onuň ornuny inwestor Karlos Slom eýeleýär. Häli dünýä Mark Sukerberg, Jef Bezos, Sergeý Brin ýa-da Larry Peýj dagyny bu sanowyň öňdebaryjylary hökmünde bilmeýädilerem. Ilon Mask diýen adamy köpçülik tanamaýadam.

Maglumat üçin: Häzirki wagtda öňdebaryjylygy ýitirip, güýçli üçlükde hem galyp bilmedik Bill Geýts rekort wagt - 18 ýyl (1996-2007, 2009-2016 ýyllar) milliarderlar sanawyny dolandyrdy. Şeýle döwürler boldy,"Bill Geýtsdan geçmek mümkin däl we ilkinji trilliin dollar hem şonda bolar" diýýärdiler.

On ýyl öňki sanawa üns berilse, ýokary tehnologiýalar arkaly öňdebaryjylara öwrülen diňe iki milliarderi görmek mümkin - Bill Geýts we Larry Ellison. Güýçli onlukdaky galan 8 wekil esasan söwda,tebigy baýlyklar we miras sebäpli baýanlardyr.

Bu günki kartina bolsa bütinleý başgaça. "Форбeс” reýtingi düzüp başlan ýyllary'ha aýdybam oturmaýyn,diňe şu soňky onýyllygyň özi hem adam kapitaly nähili güýçli derejede ýokary göterilip biljekdigini aňladýar we köpçülik ýaşlary (bizi) serýozno pikirlenmäge ündeýär.

Diýmek,milliarderleriň şu günlerdäki onlugy şeýleräk (şahslaryň we sanlaryň nähili tiz üýtgänligine üns beriň):

1. Илон Маск (Tesla, SpaceX) – 296.2 млрд доллар

2. Жефф Безос (Amazon) – 210.7 млрд

3. Бернар Арно (LVMH) – 200.6 млрд

4. Билл Гейтс (Microsoft) – 139.0 млрд

5. Ларри Эллисон (Oracle) – 128.2 млрд

6. Ларри Пейж (Google) – 127.2 млрд

7. Марк Цукерберг (Facebook) – 123.5 млрд

8. Сергей Брин (Google) – 122.5 млрд

9. Стив Баллмер (Microsoft) – 107.7 млрд

10. Уоррен Баффет (Berkshire Hathaway) – 102.1 млрд

Görýäňizmi,onlukdaky iki aksakal- Bernar Arno we inwestisiýalar boýunça "garry möjek" Uorren Baffetden başga hemmesi öz baýlygyny özi,öz akly bilen we gysga wagtyň dowamynda tapmagy başaran.

Şeýle-de döwrebap üçlüge girmek üçin azyndan 200 mlrd,onluga girmek üçin bolsa 100 mlrd dollar zerur.Bill Geýts bolsa indi lider bolmak beýlede dursun,hatda üçlüge girmegi hem gümana.

2011 ýylda sanawy dolandyran Karlos Slim Elu bu gün 16 orunda.Ruslaryň ilkinji wekili- Alekseý Mordaşow bolsa bary-ýogy 45 oruny eýeläp bildi.


2007 ýylda, 23 ýaşynyň içinde iň ýaş milliarder adyny alan,2020 ýylada bolsa 100 mlrd dollarlyk finişi geçip,güýçli bäşlige girmegi başaran we bu günki günde onlukdaky ornuny ynamly saklap gelýän Mark Sukerberg bolsa aýratyn üns berilmegine mynasyp.


Ýöne bu gyzykly faktlaň hiç biri Ilon Maskyň reýtingi agdar-düňder edip taşlanyçalyk gyzykly däl.

2018 ýylda hatda güýçli onlukda hem bolmadyk Tesla esasçysy tizlik bilen ýokarlap başlady we 2020 ýylyň soňuna gelip öňdebaryjylaryň hataryna goşuldy. 2021 ýylyň başynda,7 ýanwar güni onuň baýlygy 185 mlrd dollara ýetdi we reýtingi dolandyryp gelýän Jeff Bezosy tagtdan agdaryp,liderligi öz eline aldy.

Muňa esasy sebäp hökmünde Tesla aksiýalarynyň gymmaty bir ýylyň içinde müň göterimden hem köpräk ýokarlanmagy boldy. Emma bu hem hemmesi däldi.2022 ýylyň 1 noýabr gününe gelip Ilon Mask baýlygy 300 mlrd dollardan geçen ilkinji adama öwrüldi.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir