Türmede iki sany türmeşik bar.Olaryň biri arzuw edýär:
-Türme diýeniňem edil,jennet ýaly bolsa-da.
Ikinjisi:
-Wah,näsini aýdýaň,jennet dagy bolanda,bäri gaty hezil boljaga!
Göwreli gelin jorasynyň ýanynda zeýrenýär:
-Ärim,maňa we göwrämdäki çaga ýeterlik üns berenok.
Jorasy:
-Mundan beter näme,indi äriň göwräňdäki çagaňam göterşip gezsinmi?!
Adamlaryň biri-birine "eşek" diýip sögünýänini eşiden eşek,adamlaryň özüne deňelmegine çydam etmän,namysdan ölüpdir.
Aslynda,bir oglanyň,gyzyň öňünde dyza çökmesi:"Bir dyzyma aýagyňy goýda,depäme çyk"-diýen manyny berýän eken.
"Bu günki işiňi ertä goýma" diýen nakyla eýeren talaňçy,banky ýarmaga gitdi.
-Millioner adam diňe millioner bilen tirkeşmeli.Millioner garyba ýantaşmaly däl.
-Onda sen millioner bolsaň,hiç kim seniň bilen tirkeşmez.
-Näme üçin?
-Aý,häzir hemmede özüni milliarder hasap edýärdä.
.......
-
Gözellik.
2 years ago
- @Aristokratka_a, dogry aýdýaň.
Aristokratka_a 2 years ago- Сагжа болун етиренинизе шулар ялы затлар хем язалын хов ёгсам мунун ичине гирер ялы боланок кате