…Ganguýma gyzyl agşam şapagy, asmanyň günbatar künjünde mähnet ýangyny tutaşdyrýan mysaly, dünýäni gyzgylt reňke besläp, lowlap ýanyp dur…
Mellekleri araçäkleşdirýän ikaranyň eddiljek üstünde gögeren äpet garaly agajy, hasylyndan ýaňa ýegşerilip, şahalaryny aşak sallapdyr-da, gupbalanyp duran alty ganat ak öýe meňzäp gidipdir.
Şol öý-bagyň aşagam töweregiň ýaňy ese-boýa galyp ugran tokarja oglanjyklaryndan hümer.
Aýak basara ýer ýok.
Ortada oturan şytyr kellesiniň saçy täze garalyp ugran, garajürjen bezzat bolsa, ýeser gözlerini oýnakladyp, olaryň ählisini agzyna aňkardyp otyr.
-Hawa, onsoň, ýaňky garaşatyryň kellesindä-hä bölek-büçek gyzyl-ala matadan tikilen paşşyk sopbajy bar…-diýip, ýeser bezzat agzyny köpürjikledip dowam edýär. Gepledigisaýy-da öz aýdýanyndan özi elheder alýar. Gursagyndaky wehim güýjedigiçe-de onuň hasam köhi gelýär. Ol edil, ylham meýinden mes bolup, lül-gammarlykdan ýaňa zehin guşy göge göterilen mežnun şahyr deýin, barha ynandyryjy gepläp, hasam beter joşup gidip barýar:-…Şol sopbajynyň jaňlaram ol her ädende “jyňňy-jyňňyr” jyňňyrdap, enaýyja ses çykarýar. Onuň ýüz-keşbem tutuşlygyna juw-ak edip reňklenilgi, burnuna-da gyzyl pökgüjik ötürilen, ýaňaklaryna-da pomidor çalnan ýalaky, jim-gyzyl. Ol, hakykat-da masgarabaz bolmasa-da masgarabazsyraýan garaşatyryň eşiklerem sopbajy ýaly garym-gatym ala-mula gyýkyndylardan başly-barat tikilipdir. Aýagyndaky ujy çüri köwşem bir gülkünç, edil ýöne, her ädende, ol öz köwşüne özi çolaşyp ýykylaýjak ýaly…
Ýöne, ol diňe ilki göreniňde, gözlerine seretmeseň ýa-da dişlerini syrtartmasa gülkünç ýaly bolup görünýär.
Hakykat-da bolsa, ol saňa seredýär welin, gorkudan ýaňa saňňyldap başlanyňy özüňem duýman galýarsyň.
Ol özüniň gorkunç ýiti bakyşy bilen edil içiňi deşip gelýär.
Edil seni göni diriligiňe-çigligiňe iýip-gemrip ýuwdaýjak ýaly bolýar...
Dişini dagy syrtardaýdygy, bary gutarýar…
Şu ýerde, öz gürrüňine göwni aşa joşup, hasam beter gorkusy güýjän garagol, geplemesini tapba kesdi.
Hamana, edil şuş-şu pursat: “Bärde näme işläp otyrsyňyz-eý?! Hä?!” diýäge-de, garalynyň şahalarynyň arasyndan, onuň suratlandyrýan garaşatyrynyň şyňňyrdawuk sopbaçly kellesi jyklaýjak ýaly, howatyrlanmadan püre-pür gözlerini daş-töweregine aýlady.
Soňam, üýşenmekden hem-de bilesigelijilikden ýaňa ýyldyrap duran gözjagazlaryny özünden aýyrman, agyzjyklaryny öweldişip oturan ýaşajyk diňleýjilerini birlaý gözden geçirdi-de, sesini gorkunç pyşyrda çenli peseldip, yzyny dowam etdi:
-Sebäp diýseň, garaşatyryň dişleri onuň çeýnäp iýen çagajyklarynyň ganyna boýalyp, ýarym ak, ýarym gyzyl reňkde, nejis bolup dur…
Özem ol garaşatyr, iýmekçi bolýan oglanjygyny ilki bilen aldap-ogşap, mylaýymja gürläp tutýarmyş.
Oglanjyga gabat gelende garaşatyr: “Bäh, bujagaz oglanjygyň ysynyň gowujadygyny! Bäh sen-ä, oguljyk, ysjagazyň şunuň ýaly üýtgeşikligi bilen ýaman süýjüjesiňem-aý! Hany, seni bir ogşap, dadyp göreli!” diýen bolup, ilki oglanjygyň kellesini sypalan bolýarmyş.
Şeýdibem ony köşeşdirip, ony özüne ýakyn getirenden soňam onuň ýaňagyndan ogşaýan kişi bolup aşak egilýärmiş-de, birdenem…
Halç!!!...
Bezzady diňläp oturanlaryň ählisi onuň sesini duýdansyz gataldyp, gygyryp goýbermegine allaniçigsi bolşup, ziňkildeşip gitdiler.
Körpeleriň bir-iki sanys-a kemşerjegem boluberdi.
Ziňkildeşenleriň takmynan ep-esliň ýarysyndan gowragy, bada-badam “hiýk-de-hiýk”, biri-birine gezek bermän hynçgyryşyp başladylar.
Öz sesine, hatda özem ziňkildäp giden ýeser bezzat bolsa, göwün matlabyna ýetendigini görüp, ýene-de eýmenç gürrüňiniň yzyny aýtmaga howlukdy:
-…Ýaňagyndan agyz salýar-da, gana boýalan ýiti dişleri bilen takmynan ep-esliň ýarysy ýaly ýerini goparyp alýar. Derrewem gabyr-gubur çeýneýär-de, lak-luk atyp goýberýär…
Bilip goýuň!
Ýeser bezzat sözüne nazym bermekden ötri, gepiniň arasyny böldi-de, oturan ýerinden döşjagazyny gaýşardyp, barmajygyny çommaltdy:
-Haýsyňa, nirede sataşsa-da garaşatyr gepleşip başladygy gutardygydyr! Eglenmän jyrybermelidir. Sebäbi onuň gürrüňine gulagyňy pakgardyp, aňalaýdygyň…
Boldy!
Göni, onuň naharyna öwrülýänsiň!
-Sen bu zatlary nireden bilýäň-aý?! Hä?! Nä, garaşatyra duşup gördüňmi ýa?!-diýip, oglanjyklaryň beýlekilere görä içi hümmüldiliräkdigi, agrasja bakyşyndanam bildirip durany sorady.
Heh...
Munuň ýaly oslagsyzja sowaljyk beren bolup, beýle aňsatlyk bilen tyýkyradyp bolýan bolsa, bi, töweregini agzyna aňkardyp oturan ýeserem ýeser boljakmy?!
Ol garaşylmadyk soraga birjigem myzaýyk etmedi.
Iň bärkisi, özüne sorag beren, goňşulykda ýaşaýan, özüni bileli bäri hemişelik basdaşyna, kesesinden dagy öwrüleýinem diýmän, şol bir oturyşyny üýtgetmän, göwnübir jogap gaýtardy:
-Nä, bir zady biljek bolsaň, hökman ony görmelimi ýa-da oňa duşmalymy?! Hä?!
Näme, sen mekdepde geografiýa sapagynda Ýer şarynyň togalakdygyny gürrüň bereňde, mollym senden: “Pylanyýep, näme, sen Ýer şaryna duşup gördüňmi? Oň togalakdygyny nireden bilýäň?!” diýip soraýarmy?! Hä?!
Sen-ä aýdýaň, olam aýdanyňa güpbe ynanýar-da, gowy baha goýýar.
Sebäbi senem şo aýdanyňy özüňden oýlap tapmadyň-da, öň mollymyň öz aýdanyndan eşidip öwrendiň dämi?! Hämi?!
Ýa, näme, sen biologiýa mollymy dinozawrlar barada okadanda, oňa: “Mollym, sen nireden bilýäň-aý, bi zatlary?! Nä, sen dinozawrlara duşup gördüňmi ýa?!” diýip sorap bilýäňmi?! Hä?!
Menem şonuň ýalydyryn-da.
Birinden eşidenlemmi: “Bularam eşitsinler! Birden bilmän, garaşatyra ýal bolaýmasynlar. Goransynlar!” diýip, size aýdyp berýän-dä…
Ýeseriň bu jogaby başbitin pys geçmese-de, içi hümmüldiden doly soranjaňlaram birje anyk jogap bilen öçürmek mümkin bolýan bolsady…
Onda, megerem, halklaryň dilinden “basdaşlyk”, “bäsdeşlik”, “jedel” diýen ýaly sözleriň ählisi, düýpgöter, yzsyz-tozsuz ýitip giderdi...
Soranjaň içýakgyjam gep agtaryp, aljyrap durmady:
-Bolýar, o aýdýanyňa “hä” diýýäs. Ýöne, näme üçin, onyňa “garaşatyr” diýýäň?!
Özüňem-ä: “Onuň eşig-ä gyzyl-ala, ýüzem duw-ak reňklenen” diýip aýtdyň?! Hä?!
Onnoňam näme üçin o seň garaşatyryň diňe oglanjyklary iýýämiş?!
Nä, onyň gyzjagaz tapsa iýmeýämişmi?! Hä?!
Ýa, näme, o garaşatyr diýýäniň gyzjagazlary süýji görmeýämişmi?! Hä?!-diýip soranjaň, gözüni çerreltdi.
-Men näbileýin-aý, oňa näme üçin “garaşatyr” diýýänlerini!
Nä, ony men oýlap tapdymmy, oňa islän adymy dakyp oturarym ýalaky?!
Özüme onuň adyny nähili edip aýdan bolsalar, size-de şol hilem edip aýdyp berýändirindä-how, menem!
Ýykaýdyň-aý, woobçe-de!
Belkäm, ol has gorkunçrak bolsun diýip, eşigi alabeder bolsa-da oňa “garaşatyr” diýýändirler!
Gyzjagazlary bolsa, elbetde, olam iýýändir!
Näme, dagam, gyzjagaz tapar-da iýmezmi?!
Beterem iýer!
Ýöne, näme, islän wagtyň iýip ýataryň ýaly, hany, niräni görseň üýşüp ýatan gyzjagaz bamy?!
Onsoň, şoň üçribem, maňa aýdanlarynda, gyz-a gyt, oglanam bol bolansoň: “garaşatyr oglan iýýä” diýip aýdaýandyrlar-da!-diýip, bu sowala biraz aljyrajak bolan ýeser, nadaralyga tutdurdy.
Garşydaşynyň gowşak ýerini tapandygyna düşünen düşbüje soranjaňam, sähel-mähel nadaralyga ýeň beräýerli däl.
Gaýta, ýeseriň üstüne hüžžerilip ugrady:
-Kim aýtdy, şo garaşatyryň garaşatyrdygy barada saňa?!-diýip soranjaň, öz-özünden göwnühoş ýylgyrdy-da, birdenem: “Hä-ä, senjagaz tutuldyň gerek?!” diýýän terzde, ýesere garşy gözüni gypyp goýberdi. Soňam, näme üçindir pyňkyrdy-da, bu gürrüňe gabat gelmeýän jümläni suňşurdy:
-Menem-ä şo eýmenç masgarabaz hakdaky “Ol” diýilýän amerikan kinosyny doganym bilen görüpdim. Ýöne, o taýda-ha onuň garaşatyrdygy hakynda hiç kimem hiç zat aýtmaýady. Hä?!
Hernä, ýeser bezzadyň tomusky dynç alyşa çykylaly bäri, haçan görseň öýe myhman, it aýagyny iýen dek epgegiň aşagynda selpäp ýörenem bir gowy zat.
Onuň güne ýanyp, ýele gaýzygyp, hünni gara bolan keşbinde, ýaňajyklarynyň gyzarýany-bozarýany jinnek ýalam bildirmedi.
-Kim aýdanda saňa näme-aý?!
Nä, menden süýt soragyny ederiň ýaly, seňem ejeň kikboksýormy-aý?!
Ýa, kakaň terminatormy?! Hä?!-diýip, piri kädä gabalan ýeser, şermendelige ýüz urdy.
Kim bilýär, köçedeşleriň arasyndaky bu mesaýy söhbetdeşlik nirelere baryp, nirelerde gutarardy.
Hernä, ýakynda ýaňlanan howsalaly zenan sesi, olaryň ählisiniň ünsüni sowaýdy.
-Gyý-ýuw! Oglum-uw! Nirdesiň-uw?! Geleweri-uw! Bahymrag-uw! Daýzaňlara toýa gitmelidiris-uw!
Oturanlaryň arasyndan towsup galan dört-bäş ýaşlaryndaky oglanjyk, megerem, ejesiniň sesini tanandyr-da:
-Hä, eje?! Men barýan!-diýip, gözüne urlan ýaly gygyrdy-da, garalynyň şahalarynyň arasyndan sümlüp çykdy.
Çykan badyna-da ony, hälden bäri agtaryp ýören ejesi gapyp aldy.
Hüňürdäp-silterläp alyp gitdi.
“Akja zadam bir kirli bolarmy?” diýip, özbaşyna hümürdäp, bolşuna görä, hasyr-husur ýuwundyrdy.
“Akja zada geýdireniň gelşer durar-la!” diýip, ýene-de özbaşyna hüňürdeşdirip ýörşüne, tapan-tupanyny geýdirişdirdi.
“Akja zadyň ysam üýtgeşik bolsun-la!” diýip, hümürdeşdirip, oglanjygyň üstüne elindäki atyryndanam birki ýola “pyşşyldadyp” sepdi.
Eglip, oglanjygy ysgap gördi.
Soňra: “Gowy bolupdyr. Kemi galmasyn.” diýip, ojagaza garşy ýene-de birki sapar “pyşşyldatdy”.
Soň, işden gelen kakanyň igenjine-zeýrenjine seda çykarman döz gelip, özleriniňkini gögertdiler-de, ulaga atlandylar.
Gitdiler.
Şähere.
Toý mekanyna.
Geldiler.
Düşdüler.
Toý mekanynyň işiginden ätlänlerem şoldy welin, öýlerinden aňyna-maňyna garalman alnyp gaýdylan oglanjygyň gyssagly zerurlygy, öz-özünden tapba-taýyn boldy duruberdi.
Kakasa-ha, honha, hamana, adam tohumy döräp, ýeriň ýüzünde düşürilen iň ajap filmde kakanyň iň gowy keşbini janlandyrandygy üçin, özüne Oskar gowşurylyş dabarasyna barýan däldirin öýtmän, eýýäm, gomaljyrap, her ýerden bir ätmerleşdirip, ötelgeden ötdi-de gitdi.
Ýene-de ejesi galdy gapdalynda.
Çalaja pyşyrdap, oglanjyk oňa küýsegini habar berdi.
-Mydam seniňkem agzyndadyr. Ýör, tizräk! Öýde näme işlediň?!-diýip siltenjireýän ejesi, girelgeden giren ýerlerinden çepine sowuldy-da, oglanjygam şol tarapa dartdy.
Ejesi öňem munuň ýaly ýerleri köp gören bolmaly.
Barmaly ýerlerini gaty çalt tapdy.
Ýüzünde jalbarly adamjygyň şekili goýlan goňur gapynyň öňünde togtady-da:
-Bar, derrewjik girip çyk! Men şu ýerde garaşaryn! Özüňem üsti-başyňy haraplaýma!-diýip, oglanjygyň elini sypdyrdy.
Oglanjyk girdi.
Hemme ýeri ýylmanak daş bilen örtülen, ýalpyldap duran ýap-ýagty, uzyn, giň otag.
Işikden giren ýeriň sag tarapynda diwara ýelmenen uly aýnaly elýuwarlar hatar-hatar, çep tarapda-da birmeňzeş gapylar düzüm-düzüm.
Gyssagy özi bilen oglanjyk, şol duran ýerinde kellejigini aşak egdi-de, ala-hasyrdy bolup bilindäki kemerjiginiň ildirgijini ýazdyrdy. Jalbarynyň iligini gözläp başlady.
Başagaý bolup durşuna-da düzüm-düzüm gapylaryň biriniň açylyp-ýapylýan takyr-tukuryna birbada üns bermedi.
-Bäh, bujagaz oglanjygyň ysynyň gowujadygyny!-diýen şadyýan ses ýokardan bir ýerlerden eşidilende-de, iligini gözlemesini bes edip, kellesini galdyrdy.
Bada-badam, bir demde süňňüni dolduran eýmenç gorkudan ýaňa saň-gaty bolup doňdy…
…Kellesi bölek-büçek gyzyl-ala matadan tikilen paşşyk sopbaçly, sopbajynyň jaňlary her gymyldanda “jyňňy-jyňňyr” jyňňyrdaýan, ýüz-keşbi tutuşlygyna juw-ak edilip reňklenen, burnuna gyzyl pökgüjik ötürilen, ýaňaklaryna pomidor çalnan ýaly jym-gyzyl, eşiklerem sopbajy ýaly garym-gatym ala-mula gyýkyndylardan başly-barat tikilen, aýagyndaky ujy çüri köwşem bir gülkünç, edil ýöne her ädende, ol öz köwşüne özi çolaşyp ýykylaýjak ýaly up-uzyn bir zat, elýuwaryň öňünde duran ýerinden ony dykgat bilen synlaýar…
Özem, gözi dagysam çakgyň çüýi ýaly içiňden geçip gelýär.
Aňk bolup galan oglanjygyň kiçijek aňynda ýeser bezzadyň bilgeşleýinden iniňi tikeneklediji eýmenç pyşyrdy bilen aýdan sözleri ýaňlanyp gitdi…
…Özüniň gorkunç ýiti bakyşy bilen edil içiňi deşip gelýär. Edil, seni göni, diriligiňe-çigligiňe iýip-gemrip, ýuwdaýjak ýaly bolýar...
Şol pille-de, “durnanyň üstüne urna” diýlişi ýaly, ony gözüni güldürip synlap duran uzyn boýly masgarabaz, göwnühöşluk bilen gözüni gypyp goýberdi-de, ýylgyrdy. Soňam bolşundan bäşbeter sesini aýnadyp, oňa şelaýyn lak atdy:
-Bäh, sen-ä, oguljyk, ysjagazyň şunuň ýaly üýtgeşikligi bilen ýaman süýjüjesiňem-aý!
Boldy!
Garaşatyr bilen gepleşdigiň gutardygy!...
-Wä-ä-ä!!! Waý ej-ä-ä!!!Meni garaşatyr iýýä-ä-ä!!!...
Ulili bilen jynssyz bagyran oglanjyk, gapydan nädip çykyp, ejesiniň gujagyna nädip dolandygynam duýman galdy.
Ejesiniň içine siňäýjek bolup gysmyljyrap, gözünem pugta ýumup, köşeşip bilmän çirkin gygyryp durşuna-da, oglanjyk, işikden kellesini uzadyşyna, onuň bolşuna haýran galyp duran masgarabazyň:
-Animator-how men, gelneje! Toýa: “Çagalary güýme!” diýip çagyrdylar. Ilki görenlerinde şeýdip durjak bolsalar, bulary güýmäre animator däl-de, psihiatr gerek bolaýmasa…-diýip, närazy hüňürdeýşinem eşitmeýärdi…

Edebiýat, sapalybegenjow000000 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir