Adamlar gowy bolmak yerine, näme üçin erbetligi saylayarlar?

Hiç kimem gorkunç jandar, yada şeytan bolup dogulanok.
Arassa,päk günäsiz dogan bir bäbek, yaşan erbetliklerinden kirlenip, ulalanynda bolsa merhemetsiz, zulumly, çirkin bir jandara öwrülyär.
We yaşadygy wakalaryň garşylygyny başgalaryna erbetlik edip, ödetyär.

We bir ynsanyň özüni alada edip başgalaryny hiç saymasyna, erbedi we gowyny saygarmasyna sebäp bolup bilyär.

Dereje ölçegleriniň çaltlyk bilen, üytgeyän durmuşumyzda köp zatlaryň hem manysyny yitiryän günümüzde, erbedi we gowyny saygarmak has hem kyn hala geldi.

Adamçylygyň bar bolanyndan bäri, erbetleriň jezalaryny çekdigi, haksyzlygyň adalatyny tapyan dünyäni hemmeler küysedi.
Şonuň üçin hem, soňy adalatly, yeňişli, erbetleriň yeňilmegi we hak eden jezasyny tapmasy bilen gutaran hekayalar biziň üçin has gyzykly bolup galdy.

Adamlaryň bu dünyädäki erbetliklere çydap bilmesiniň yeke sebäbi adalatdyr!
Adalatyň bolmadygy yerde çüyremäge we iň soňunda yok bolmaga mejburdur.

Gynansakda adil bolmak we adalaty yerine getirmek üçin güyç gerek.
Güyji elinde tutan islese adalat getir, islese zulum eder!

Yazan:Ogulşirin Bayramowa

Bilim, Hercai tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir