Ýok, ýaşyrjak bolup meýilem etme,
Men muny bilýärin,
Öňdenem aňýan.
Emma özüm çekip gam kerwenini,
Başarsam,
Bu hakda agzaman oňýan.

Belki, erkim alan ala gözleriň,
Gaharymyň öňüne böwet basýandyr.
Belki, bize - diýän - daşardan biri,
Bägüle bukulyp,
Gulak asýandyr.

Iň esasan öz ýanymdan ilki men:
“Erte öwrenşerler,
Çözüler towlar.
Ene, ene bilen ysnyşar hökman,
Sowuk duýgularyň dumany sowlar.” –

Diýip tama etdim,
Umyt bagladym.
Käte seniň tarapyňam çaldym men.
Kalbymyň käbesin halamaýanňy
Duýmadyk,
Bilmedik bolan boldum men.

Şeýdip ýyllar geçdi...
Ejem bolsa meň,
Barha seýrekletdi bize gelmesin.
Eýsem ol çat açan, çöken ýüregni,
Niçik seýiklesin, nädip ýeňlesin.?

Ejem indi, örän az gelýär bize,
Emma aýan maňa bizi küýseýşi.
Gelin gülüp çyksa,
Geljek görgüli,
Galsa-da öýünde işi-pişesi.

Dogrusy,
Sen oňa gygyňy pürküp,
Gaty-gaýrym sözem aýdaňok şindi.
Ýöne jebir çeken ene ýüregi,
Mähirsiz ýürege sözsüz düşündi.

Ejemiň
Ökjeli tufly, ýa atyr
Ýa gyrmyzy hyna,
Ýa balonyýa
Tamakyn däldigni özüňem görýäň,
Ýylda tikdirenok täze dony ýa.

Bir kile hurmany bir ýyla bölüp,
Bir ýylda müň ýyllyk alkyş aýdany.
Henizem ýadymdan çykanok meniň,
Oňa dünýä berilendir öýdeni.

Hawa,
Hiçzat tamakyn däl bizden ol,
Hoş söz gerek onuň argyn janyna.
Agtyklary “Ene” diýşip ir bilen,
Gol gerişip, barsa bolýar ýanyna.

“Balam” diýip, bada basýar bagryna,
Şo pursatda tapanok ol kän sözem.
Ýaşlyk ody bilen ýagtylyp gidýär
Ak merjen gaçyrýar gubarly gözem.

Ene ýüreginiň bu beýik bagtyn,
Sen
Işe güýmenip,
Görmedik bolýaň.
Erte gaýyn ene boljak ýaş ene,
Gaýynenä pikir bermedik bolýa.

Gaýynene gamly-gamly garaýar:
“Guwanaýyn balalarym, boýňuza”
Sypalaýar körpeleriň gulpagyn:
“Geleýin men erte ogul toýňuza”

Soň ýene-de gidiberýär sedasyz,
Gözi bizde galýar.
Göwresi-ýolda...
Näme diýip,
Näme aýtjagym bilmän,
Menem garap galýan gözgyny halda.

Bize bu älemi beren enäniň,
Näme ýazygy bar?
Näme aýby bar?
Belki, sen bilýänsiň
Düşündir maňa,
Bu dumana dözeýin men niçezar?

Ýok,
Ýaşyrjak bolup meýilem etme.
Men muny bilýärin,
Öňdenem aňýan.
Ahyrym özüňden bilersiň öýdüp,
O hakda entegem agzaman oňýan.

Ýöne men bir zady bilemok anyk:
(Gören barmy heý enesiz doglany ?)
Gaýyn enesini söýmeýän gelin,
Söýüp bilermikä onuň ogluny ?

Ata ATAJANOW
1966

Bilim, Nirvana tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir