Hatyma garaşma şu günden beýläk!
Ýürek siňmez eken hat diýen zada.
Ýüregmiň içinde lowlap duran ot
Hata geçse, öçüp gidýär şo bada.

Göýä ol hatlary
                         öz elim däl-de,
Keseki ýazýan dek meniň deregme,
Hem-ä senden,
                        hem özümden utanýan
Ýüreksiz hat azar berýär ýüregme.

Şygyr bilen ýazsaň - beýle däl eken,
Böwet bolmaz eken şygryň oduna:
Bir adamdan gizlän gyzgyn syrlaryň
Hem il-güne ýetýär,
Hem şol adama.

Silwa KAPUTIKÝAN
Terjime eden: Kerim Gurbannepesow

Bilim, Nirvana tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir