Bu yedere yazan jogaplarnyza jogap bereyin diydim. Öwünçakden özümden başlayyn. Men 20 yaşymda, adym da Mansur. Bizin yaşan yerimize Türkmensahra diyarler. Iranyn köp türkmenleri Türkmensahrada yaşayarlar. Biz Türkmenler Iranda 2 milyuna golay jemiyetimiz bar. Türkmensahrada yaşayanlaryn köpsi Yomut tayfasyndan, beylekiler bolsa Göklen, Teke, Yemreli, Arsary da biraz bar yöne olar başga tayfalar bilen gaty garyşypdyrlar. Iranyn başga yerlerinde Nohurly we Salyr tayfalary hem bardygyny bilyan. Oturmyş şahrimin adyna ''Kümmet'' diyaris. ona farsçada ''Gonbad-e-Kavus'' ya-da gysga formunda ''Gonbad'' diyilyar. Yöne aydyşym yaly biz Türkmenler ona Kümmet diyak. Kümmet dogur Türkmensahran ortasynda diysem boljak. Parsalar bilen aramyz nahilli diyip sorapdynyz. olaryn arasynda gowy adam da bar teleke de. Yöne her hili de bolsa her yerde de bolsan onuşjak bolmaly da! Bizin dilimizbarada da bir zatlar diyipdiniz. Ay dost sen de İranda yaşayan bolsan dilin şeyle bolardy. Döwlet pars bolup, okuwda okyyan kitablarmyz da düypden farsça bolsa, TV-de ki gurbany boldygym ondan beter, onson Türkmençan yagdayny özün bila da nahilli boljagyny. Elbette onda da türkmençani gowja bilyan kepleyan bar, yöne köplenç adamlar kan farsça söz garyşdyryp kepleyarler. Muna gynanyan adamlar da bar, biri bolsa Kümmetli Şahyrlaryn biri addaşym ''Mansur Teberi''. Onun bu barada bir owadan goşgusy da bar ki ony şunda http://www.persianupload.com/2867308 download edip bilersiniz.

Köneler, ayratyn tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir