Maşgalanyň jemgyýetçilik taryhy 
Nika ýa-da ganybir garyndaşlyk esasynda dörän hem-de olary durmuş
umumylyklary, özara ahlak jogapkärçiligi, birek-birege kömek bermek ýaly şertler 
bilen esaslanan kiçi topar maşgalany emele getirýär.
Ilkidurmuş jemgyýetçilik gurluşyndaky gatnaşyklary mysal getirmek arkaly,
«maşgala» diýen düşünjäni özara seksual gatnaşyklara rugsat edilen toparlar bilen 
baglanyşdyrýarlar. Şeýle topar – maşgala «endagam» öz ýakyn garyndaşlary bilen 
seksual gatnaşyk we «ekzagam» ýatlar bilen seksual gatnaşyk görnüşlerine 
bölünýär hem-de jübütleýin gatnaşyklary, ýagny bir erkek bilen bir aýalyň
arasyndaky seksual gatnaşyklary göz öňünde tutulýar. Ýöne bu gatnaşyklaryň ol 
diýen berk bolmandygyny, onuň aňsatlyk bilen bozulyp bilnendigini belläp geçmek 
gerek.
Dünýä dinleriniň ýaýramagy maşgalany berkidýän wagyz-ündew, ýagny 
ideologiýa gatnaşyklaryny güýçlendirdi. Erkekleriň hökümdarlygy keramat, 
aýallaryň kaýyllygy hem-de janaýamazaklyklary bolsa, iň ýokary päk ahlaklylyk 
hasaplanylýardy. Jemgyýetçilik we ykdysady öňe gidişligiň netijesinde ozalky 
maşgala gurluşlary barha has kämilleşdi. Köp maşgalalar diňe är-aýal hem-de 
olaryň çagalaryndan ybarat bolup durýardy. Aýallar dürli kärhanalarda hem-de 
hyzmat ediş çäklerinde işlemäge mümkinçilik aldy. Munuň özi, maşgalany ekläp-
saklamaga oňaýly mümkinçilikleri döretdi.
Häzirki döwürde köp halatda är-aýallar bilelikde zähmet çekip, maşgalanyň
geljegi, bol-elinlikde, oňaýly şertde ýaşamagy üçin deň-derejede aladalanýarlar. 
Maşgala özara geňeşilip, tagallalar birleşdirilip berkidilýär.
Maşgala gurmak meselesi adamyň iň ähmiýetli we jogapkärli wezipesi 
hökmünde öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Maşgalanyň döreýiş
taryhyna ser salsaň, onda onuň ilkidurmuş adamlarynyň ýaşan jemgyýetinde 
köpaýallylyk we köp erkeklilik gatnaşyklaryny başdan geçirendigini görüp bolýar. 
Ilkidurmuş adamlarynyň jemgyýetinde bir zenan birnäçe erkek adamlar bilen 
seksual gatnaşykda bolup bilipdir. Şeýle gatnaşygyň netijesinde emele gelen
çagalar diňe ene tarapyndan ideg-esewan edilip, terbiýelenipdir we şol döwürde aýallar – matriarhat liderlik edipdir. Ýagny wagtyň geçmegi bilen liderlik erkek 
adamyň eline geçip, patriarhal döwri başlanypdyr. Erkek adam birnäçe aýala är 
bolupdyr, ýagny birnäçe aýallar bilen seksual gatnaşykda bolmak bilen, aýallara öz 
şahsy emlägi hökmünde garapdyr.
Maşgala taryhy-jemgyýetçilik ösüşiň önümi hasaplanýar. Her bir 
jemgyýetçilik, ykdysady döwür özüne mahsus nika we maşgala gatnaşyklaryna 
eýedir. Maşgalanyň ösüş ýoly önümçilik gatnaşyklarynyň häsiýetine bagly 
bolupdyr. Baryp ilkidurmuş jemgyýetinde hususy eýeçiligiň döremegi bilen 
maşgala, ýagny özbaşdak jemgyýet bir aýalyň we erkegiň gatnaşmagynda döräpdir. 
Ýöne şeýle esasda emele gelen maşgala berk bolmandyr. Ol aýal ýa-da erkek kişi 
tarapyndan islendik wagtda bozulyp bilnipdir. Maşgala nika gatnaşygynyň bu 
görnüşinde dünýä inen çagalar edil öňki döwürdäki ýaly enä degişli bolupdyr. 
Maşgalanyň özbaşdak hojalygy bolmandyr. Hojalyk köpçülik tarapyndan 
dolandyrylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen hojalykdaky zähmet işi maşgalanyň
agzalarynyň arasynda bölünipdir. Hojalygyň önümçiliginiň artmagy bilen jübüt 
maşgala öz tiresiniň özbaşdak bir bölegine öwrülipdir. «Täze emele gelen» maşgala 
öňki maşgala gurluşyndan düýpli tapawutlanypdyr. Eger-de birinji maşgala şertinde 
iýmit üçin ähli önümler deň bölünen bolsa, onda eýýäm täze emele gelen, ýagny bir 
aýal we erkekden ybarat maşgalada emläk deňsizligi bolupdyr. Ähli emläk 
maşgalabaşa – erkege degişli edilipdir.
Gul eýeçiligi döwründe jübüt maşgala, esasan, gul eýesiniň maşgalasynda 
bolupdyr, çünki gullaryň köpüsi maşgalasyz ýaşapdyr. Sebäbi, gullaryň maşgala 
saklamagy gul eýesine hiç hili bähbit getirmändir. Gul eýesiniň maşgalasy diňe bir 
ilat sanyny artdyrmak we ykdysady, terbiýeçilik wezipesinden başga-da döwleti 
dolandyrmak işine işeňňir gatnaşypdyr. Ol goşunyň sanyny artdyryp, döwletiň
syýasy ösüşine-de öz goşandyny goşupdyr.
Gul eýeçilik döwründäki bir aýaldan we erkekden ybarat maşgala örän köp 
görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Erkek adamynyň maşgalabaşy bolan 
maşgalasynda ol onuň ähli agzalaryna ýolbaşçylyk edipdir. Maşgalabaşy özüni edil 
köpaýallylyk bolan maşgaladaky ýaly alyp barypdyr. Onuň borjy hasaplanýan işleri 
göz öňüne getirseň, onda ol özboluşly hökümdar ýaly bolup görünýär. Maşgalanyň
ähli agzalaryna baş bolmakdan başga-da, ol birnäçe aýallary – gyrnaklary öz 
aýratyn emlägi hökmünde saklapdyr. Senetçileriň maşgalasy we ilatyň beýleki 
gatlaklary beýle görnüşdäki maşgaladan öz garyplygy bilen düýpli 
tapawutlanypdyr. Olaryň maşgalasynda baş bolmak wezipesi bölünmändir. Maşgala jemgyýetiň dürli gatlaklary boýunça emele gelipdir. Maşgalany emele 
getirýän aýalyň we erkegiň gelip çykyşyna köp zat bagly bolupdyr.
Maşgala gatnaşyklary jemgyýetçilik we ykdysady ösüşleriň netijesinde 
özgerişlikleri başdan geçirýär. Mysal üçin, häzirki döwürde maşgalada är-aýalyň
bilelikde, deň-derejeli maşgalanyň aladasyny edýän, ony dolandyrýan görnüşi
kemala geldi. Muňa egalitar maşgala diýilýär. Şeýle maşgala är-aýalyň arasynda 
oňat düşünişilende, hersiniň öz sylag-sarpasyny bilip, birek-birege ynanyşylanda, 
maşgalanyň aladasy – ýüki deň çekilende we olary päk söýgi birleşdirende oňaýly 
bolup biler. Ýöne «Baş bolmasa göwre läş» hem diýlipdir. 
A.NOHUROW 
MAŞGALA PSIHOLOGIÝASY 
(Kitap) I BÖLÜM:  MAŞGALA