Ikinji gezek baýrak aldy
Hytaýyň “Huawei” kompaniýasynyň “P30 Pro” smartfony Ýewropada ikinji gezek baýraga mynasyp boldy. Smartfon dünýäniň öňdebaryjy elektron enjamlary žurnallarynyň 55-si tarapyndan esaslandyrylan EISA-nyň sylagyna laýyk görüldi. EISA bu enjamyň ýagtylygyň az ýerinde iň dury surata düşürip bilýän smartfondygyny belleýär. Şeýle hem bu telefonyň kamerasy beýleki ugurlarda hem bäsdeşlerinden tapawutlanýar. Smartfon fotoapparat öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy “Leica” şereketiniň enjamlary bilen üpjün edilipdir. Baýrak 6-njy sentýabrda Berlinde açyljak IFA elektron enjamlary sergisinde gowşurylar.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir