Ahmet Haldun Terzioglunyñ ''Amazonlar'' romanyna syn.

Klassyk ýunan mifologiýasynda umumy zenan urşujylardan ybarat bolan taryhy millet hökmünde bilinen Amazonlar, özlerini söweşe beren, ýanlarynda erkek bolmazdan hem ýaşapbiljekdiklerini, söweşip-urşup biljekdiklerini ezberlän zenanlardyr.
Gerodot, Diodor, Apollon, Ýustin, Plin, Wirgil, Aeşçyl, Stefan, Gesiod, Lysias, Pausani ýaly meşhur taryhçylar Temiakirany (Terme) Amazonlaryñ esasy ýurdy diýip yşarat edýärler.
Amazonlaryñ Sarmatiýanyñ Skifiýa bilen serhetleşýän ýerinde ýaşandyklary bilen baglanyşykly wersiýalarda dogrulyk paýy bolsa-da bular Anadolydaky (Kiçi Aziýadaky ㅡ T. B.) Amazonlaryñ dowamy bolan Sarmatiýanlardyr.
Ahmet Haldun Terzioglynyñ başarnygy bilen orta atylan tiplerden ybarat bolan amazonlar, Kimmeriýa romanynda her dürli şekilde işlenilipdir. Ýazyjy Amazonlaryñ asyl gelip çykyşynyñ Türkmen bolandygyny şu şekilde açyklaýar:
''Kimmeriýaly bir zenan söweşiji, Amazonlaryñ ilkinji ejeleri hökmünde tanalypdyr. Örän gadymy zamanlar öñ ýaşapdyr.
Soñ-soñlar bolsa buduny nesiller geçip ady esasy görkeziji, atlandyryjy bolup hyzmat edipdir. Ady ''Amazon'' bolsa gerek, bu ady hem şondan alypdyrlar''.
Onuñ ýorumyna görä ''Amazonlar söweşmek üçin dogmaýan, söweşmek üçin ýaşaýan, ýaşamak üçin söweşen zenanlardyr''. Eserde Amazonlaryñ ilkinji gezek orta çykyşy, ýaşaýyş-durmuşlary gysgaça gürrüñ berilýär.
Obasy talaña düşen, oguşy heläk edilen, özi hem ýaraly bolan Amazon, indi söweşi erkekleriñ boýnundan salýar, erkeklerden ar almak üçin ol şol güni and içýär.
Daglara çykyp öz-özüni söweş tälimine berýär. Ýalñyzlykda ýaşamagy öwrenýär. Ýeke özi ilkinji gezek talañçylyk geçirip başlan Amazonyñ töweregine özi ýaly ezilen, hor-homsy ýaşan we ar-almak isleýän erkek duşmany bolan zenanlar üýşüp başlaýar. Bular gitdigiçe köpelip güýçlenýärler we diñe zenanlardan ybarat budun ýagdaýyna gelýärler.
And içip Amazon bolmaga söz beren zenanyñ ussat urşujy bolmagy üçin sag göwsi kesilip kesilen ýeri hem gyzdyrylan polat bilen daglanylypdyr. Doguran gyz çagalaryny ýanlarynda saklap, erkek çagalary bolsa öldürmäge dözmän, Kimmer obalarynyñ ýakynlaryna tabşyrylypdyr. Bu çagalar budunlaryñ sylag-hormatyna mynasyp görülip ulaldylypdyr. Ele geçirilen erkekler bolsa ýa gul hökmünde ikinji pes derejeli haýwanlar ýaly ulanylypdyr, ýa-da damazlyga aýrylýar, ýagny Amazonlar köpelmek üçin saklanylypdyrlar, ýa bolmasa her dürli azaplar bilen zalymlarça öldürilipdirler. Amazonlar hakda bir topar düşündirilýän zatlar, gaty düzgünleri, töreleri, däpleri aram-aram okyjyny haýran galdyryp biler.
''Başga budunlaryñ baştutanlary ýaly, garşysynda iki bükülip egilen, sejde eden we özüni oñarmaýan adam görmek islemezdi Amazon ejesi. Urşujylary hiç kime, Amazonyñ özüne hem egilmeli däldiler. Salam berilip, kut gerek bolsa soralmalydy. Kibalanyñ garşysynda, diñe erkekler dyza çöküp ýeri ogşaýardylar. Hemem muny zorluk üçin däl-de janlaryny ölümden halas etmek üçin ýerine ýetirýärdiler. Boýun egmeýänler azdy. Şolar ýaly ýagdaýda temmi berilýärdi''.
Bu ýerde biz Amazonlaryñ öz urşujylaryna her näçe üns berýändigine şaýat bolsak-da duşman bellänlerine garşy rehimsiz bolandyklaryny göreris.



Taýýarlan: Peşeñ ogly Afrasyýap

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir