Beýik Seljuk imperiýasynyñ Mosuldaky we Halapdaky şöhratly türkmen atabegi. Doly ady: El Mälik-ül Adyl Nureddin Ebulkasym Mahmyt ibn Ymadeddin Zeññi. 1118-nji ýylda eneden dogulýar. 1146-njy ýylda kakasy Ymadeddin Zeññiniñ ýogalmagy bilen köne türkmen däbine eýerip, döwlet onuñ ýakynlary arasynda paýlaşyldy. Bu paýlaşma netijesinde Mosul Seýfeddin Gazy Türkmene, Halap bolsa Nureddin Zeññä berildi. 1150-nji ýylda Anadoly Seljuk döwletiniñ soltany Birinji Rukneddin Masudyñ gyzy bilen nikalaşýar. Nureddin Zeññi türkmenleriñ owşar taýpasyndandyr. 1144-nji ýylda Ymadeddin Zeññi Urfany ele geçirýär we birinji haçly ýörişinde gurlan Urfa kontlugyny ýok edýär. Urfanyñ elden gitmegi netijesinde Ýewropa ikinji haçly ýörişine taýynlyk görûp başlaýar. Orta asyrlaryñ iñ tanymal adamlaryndan bolan Nureddin Mahmyt Zeññi kakasy ýaly haçparazlar bilen alyp baran göreşlerinde agasy Seýfeddin Gazy we 1148-nji ýylda agasynyñ ýogalmagy bilen onuñ inisi Kutbeddin Mewdud bilen birlikde hereket edýärler we haçparazlara garşy yslam frontyny birleşdirip haçly ýörişleriñ şowsuzlyga uçramagyna çalyşypdyrlar.
Türkmenleriñ bu pidakärlikleri netijesinde haçparazlar ilerläp bilmandirler we olaryñ kenarýaka ýerlerde gysylyp galmaklaryna getiripdir. Nureddin Zeññi gysga wagtlyk haçparazlaryñ elinde bolan Urfany gaýtadan hüjüm edip 1146-njy ýylda ele geçirýär, şeýlelikde Urfa kontlugyny gaýtadan dikeltmek ugrunda haçparazlaryñ eden tagallalary puja çykdy. Bir ýyldan soñra Artagy eýeleýär. Seýfeddin Gazy bilen bile Damasky gabawa alan haçparazlara garşy söweşýär we ikinji haçly ýörişiñ şowsuz tamamlanmagy üçin aýgytlaýjy rol oýnaýar. Harym galasyny eýeleýär we Ýagrada haçparazary derbi-dagyn edýär. 1149-njy ýylda Antakýa şazadasy Raýmondy öldürýär. Soñra Famiýa galasyny gabawa alýar. Börileriñ elinden Damasky halas edýär. 1153-nji ýylda Ýokarky Mesopotamiýa, Günorta Anadoly we Siriýany ýeke-täk häkimiýet astynda toplap, soltanlygyny yglan eden Nureddin Türkmeniñ şan-şöhraty Seljuk dinastiýasynyñ at-owazasyndan hem ýokary galýar.
1152-nji ýylda Urfa konty Ikinji Josselini ýesir alyp Halapda bendilikde saklaýar. 1154-nji ýylda Damaska tarap gaýdýar we Mujireddin Abakyñ elinden şäheri alýar. 1156-njy ýylda Ierusalim koroly Üçünji Baodouin bilen ýaraşyk şertnamasyna gol çekýär. Emma Baodouiniñ türkmen we arap çadyrlaryna hüjüm etmegi bilen şertnama bozulýar. Damaskyñ eteginde bolan söweşde Nureddin Zeññi ýeñiş gazanýar hristian ýesirleri Banýasda öldürilen musulmanlaryñ ýerine uçdantutma gylyçdan geçirilýär. Nureddin Zeññi has soňra 1157-nji ýylda Üçünji Baodouini ýeñlişe sezewar edýär. 1158-nji ýylda haçparazlar bilen bolan bir söweşde ýeñlilenem bolsa, 1164-nji ýylda olary Harymda ýeñmegi başarýar. Nureddin Zeññi Müsürdäki Fatimi halyfynyñ ikiýüzli syýasat alyp barýandygy üçin Eseduddin Şirkuhy we onuñ inisi Selahaddin Eýýubyny Müsüre ugradyp, Fatimileriñ haçparazlar bilen hyzmatdaşlyk etmekeriniñ öñüni alypdyr, aýratynam Müsüriñ haçparazlaryn eline geçmezligini gazanypdyr. Yslam dünýäsini ikä bölen Fatimi halyflygynyñ 1171-nji ýykylmagyna sebäp bolup, seljuklaryn arzuwynyñ, ýagny yslam bitewiliginiñ durmuşa geçmegine badalga beripdir.
Selahaddin Eýýuby Nureddin Zeññi aradan çykýança Müsürde onun naýyplygyny ýerine ýetiripdir we onuñ görkezmelerinden birjigem daşyna çykmandyr. Nureddin Zeññi 1173-nji ýylda Maraşy we Göksunu Anadoly seljuklarynyñ elinden alýar, emma Ikinji Gylyç Arslan bilen özara ylalaşyga gelip, şäherleri yzyna tabşyrýar. 1174-nji ýylda Nureddin Zeññi Damaskda aradan çykýar. Ýerine ogly Mälik Salyh Ysmaýyl Zeññi geçýär. Bu döwürlerde Selahaddin Eýýuby onuñ çäklerini ýuwaş-ýuwaşdan ele geçirip başlaýar. Selahaddiniñ garşysyna çykan zeññiler asgyn gelýärler. Ysmaýyl Zeññi hassalap, tabynlygyndaky ýerleriñ Mosul häkimi Izeddin Masuda berilmegini wesýet edýär. 1181-nji ýylda ol hem ölensoñ Halap atabegligi hem soñlanýar. Zeññileriñ oguz türkmenleriniñ owşar taýpasyndan gelip çykandygy anyk subut edilen zatdyr. Zeññileriñ döwleti dagansoñ, bu ýerden göç eden birtopar owşar uruglary Garaman ogullary begligini gurýarlar. Nureddin Zeññi örän adyl hökümdar bolupdyr. Şol sebapli, halk tarapynan oña "Emir-ûl Adyl" (Adyl hökümdar) lakamy berlipdir. Çagalygyndan başlap oñat terbiýe we bilim alan Nureddin Türkmen döwlet işlerinde diplomatik ukybyny ulanmagy örän oñat başarypdyr. Ökdelik bilen durmuşa geçiren syýasaty netijesinde musulmanlaryñ agzybirligini gazanypdyr we has soñra serkerdelerinden Selahaddin Eýýuby tarapyndan amala aşyryljak Ierusalim ýeñşiniñ tohumyny atypdyr.
Nureddin Zeñńi öñdebaryjy pikirli lider bolupdyr, etjek işini mydama öñüni pikirlenip ederdi. Onuñ üç arzuwy bardy: Birinjisi musulmanlary birleşdirip, yslam birligini gurmakdy, muny bolsa il dirikä amala aşyrypdy. Ikinjisi Ierusalimiñ gaýtadan eýelenmegidi, muny bolsa onuñ serkerdesi Selahhadin Eýýuby amala aşyrdy. Soñky üçünji arzuwy bolsa Konstantinopoly ele geçirmekdi, bu arzyly ýeñiş bolsa Osmanly imperatory Soltan Ikinji Mehmede nesip etdi. Nureddin bilime köp üns beripdir. Damask, Halap, Hama, Humus, Baalbek ýaly şäherlerde bilim merkezlerini gurdurdýar, hatda Gün sagadyny hem ýasatdyrýar. Serkerderine aýratyn üns beripdir we Selahaddin ýaly onlarça serkerdä harby we syýasy meselelerde halypalyk edipdir. Aradan çykanda öz tarapyndan gurdurylan Damaskdaky Nuriýe medresesinde jaýlanýar. Onuñ Damaskdaky gurduran merkezi hassahanasy lukmanlaryñ halka hyzmat edýän saglyk merkezidi. Hadys uniwersitetini gurdurýar. Takwady we alymlaryñ howandarydy. Karargähinde Kurany-Kerim okadyp, hormat bilen diñläp oturmagy gowy görýärdi. Hepdede iki gün halkyñ arasyna çykyp, arz-şikaýatlaryny diñlärdi.
Adalatsyzlygyñ öñüni almak we döwletiñ bähbitlerini gorap saklamak üçin gizlin kontrrazwedka gullugyny döretdi. Aragatnaşyk serişdesi hökmünde kepderileri ulanmagy ýola goýdy. Özüniñ we maşgalasynyñ harajatlaryny şahsy malyndan harçlaýardy. Oljadan, alymlaryñ halal hasap etmediginden almazdy, altyn-kümüş ulanmazdy we ýüpek geýmezdi. Nureddin Türkmeni asyrar boýunça hormat bilen ýatlanylmagyna başga-da br bolup geçen hadysa bardyr. Ýagny, günleriñ birinde hristian jansyzlaryndan iki sanysy mübärek Medine şäherine gelip, ol ýerde ylym öwrenýän sopy tüýsüne girip, Pygamberimiziñ (s.a.w) kümmedine golaý ýerde ýerleşen hüjreleriñ birinde bolup başlaýarlar we bolýan otaglarynda Pygamberimiziñ (s.a.w) ýatan mübärek mazaryna tarap ýerasty tunel gazyp başlaýarlar. Olaryñ maksady Resulallanyñ (s.a.w) mazaryna baryp ýetmek we guburyñ içinden Pygamberimiziñ (s.a.w) mübärek bedenini ogurlap musulmanlara içinden çykyp bolmajak urgyny bermekdi.
Günleriñ birinde Nureddin Zeññi Damaskdaky öýünde uklap ýatyrka, Pygamberimiz (s.a.w) onuñ düýşüne girýär we özüni halas etmegi soraýar. Ukudan oýanan Nureddin Türkmen täret alyp ýene uklaýar. Bu düýş ýene iki gezek gaýtalanýar. Üçünji gezelden soñ bu düýşiñ bir zada yşarat edýänini añan Nuresdin Zeññi Medina tarap at salýar. Ol Medinä gelip şäherdäki hemme adamlary toplaýar we salamlaşmak üçin hemmesiniñ öňünden geçmegini soraýar. Aýdyşy ýaly edýärler. Soltan duşuşyga gelmedigiñ bardygyny soranda, halaýyk şähere iki sany saryýagyz sopynyñ gelendigini we olaryñ Soltanyñ huzuryna gelmeklikden ýüz öwürendiklerini aýdýarlar. Nureddin Zeññi olaryñ yzyndan adam ugradyp, zor bilen getirdende, görenlerine haýran galýar, çünki düýşünde Pygamberimiziň halas et diýip yşarat eden adamlary bulardy. Nureddin Zeññi dergal bu kapyrlaryñ bolýan hüjrelerine baryp, ýatýan düşeklerini galdyryp görýär. Medine halky gören zatlaryna haýran galýar, çünki ol hüjräniñ düşeginiñ astyndan Pygamberimiziñ (s.a.w) mübärek guburyna ýerasty tunel gazylypdy we ol tunel gubura ýetmäge az galypdy. Soltan Nureddin bu kapyrlary jezalandyryp yzyna dolanýar.
Nureddin Zeññi hakynda şeýle ýatlamalar taryh kitaplarynda ýer alypdyr:
1). Ibn Jewzi: "Nureddin Mahmyt Zeññi... kapyrlaryñ elindäki 50-den gowrak şäherleri halas etdi. Onuñ ömri örän köp soltanyñ ömründen arassadyr we ýokardadyr. Onuñ zamanynda ýollar howpsuzdy we asudady. Ol özüni Bagdat halyfyna bagly gördi we onuñ emrinde hasaplady. Häsiýeti boýunça ýumşak, güler ýüzlidi. Alymlary we dindarlary gowy görerdi"
2). Ibn Esir: "Men öñki soltanlaryñ durmuşyny öwrendim. Dört çaryýarlardan we Omar ibn Abdylezizden başga Nureddin Türkmen ýaly halal durmuşda ýaşan, onuñ ýaly ahlakly ömür süren başga adalatly soltana duş gelmedim"
3). Amin Maalouf: "Her näme bolsa-da netije göz öñümizdedir: Arap dünýäsini franklary ezip geçmek üçin kuwwatly güýje öwürmegi Nureddin başarjakdyr we onuñ ýeñiş miwelerini sag goly bolan Selahaddin toplajakdyr"
Nureddin Zeññi hakynda ýazylan kitaplardan:
1). Adnan Eskikurt "Mosul atabegligi"

Taýýarlan: Has Türkmen.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir