Iki  sanysy  toý  tutýar, maşgala  gurýar. Soňam  aýrylşýanlaryda  köp  bolýa.  Şol  maşgala  bozulmalara  kim  günäkär?  Bozulýan  maşgalaryň  70-80%-i  erkekler  sebäpli  dagaýar. Aýallaryňam  günäli  ýeri  ýok  diýemok,  ýöne  hut  aýrylşmaly  diýen  derejä  çenli  baryp  ýeten  bolsa  diýmek  erkekjan  günäkärdir.
    Köplenç  maşgala  bozulanda  oňşuksyzlyklar  sebäpli bozulýar. Ilkä  öýlenmäni  bilipsiň  oňuşmajak  bolsaň nämä  öýüňe getirýäň ony? Maşgala  agzalary bilen geliniň  arasyndaky  gatnaşyk  elbetde  oglana  bagly.  Şol  ýola  goýýa  hemme  zadam.  Bor  doganlary  ýa ejesi  gelnine  erbet  daraýan  ekeni  diýeli,  gelniň  şol  zatlara  göz  ýumar  ýaly, şonuň ýaly  seň üçin käbir zatlara çydar  ýaly derjede mähir ber! Seniň mähriňden ýaňa beýleki aýdylýan erbet gürrüňleri gulagy eştmesin. Ýatlat barlygyňy! Başyň täji, maşgalaň nur paýlaýan  çyragy bolamly  dälmi geliniň?
   Bor,  aýrylşdyňam  diýeli!  Ýene  utuljak  özümizä! Gahar eder,  aýrylşar,  begener,  öz  kararyndan  razy  bolar,  mes  bolar,  ýöne  gyzykly  ýeri  beýle  pozitiw  duýgular  1  ýylada  ýetmeýä.  Eýýäm  onsoň   ökünip  başlaýa,  her  hili  hyýala  münýä: "Onuň  gyzyny alaýsammy,  munyň  aýrylşyp  oturan  başy   boş  gyzy  bar  şonuň ugruna  çykaýyn" diýip görýä.  Garaz  itiň  gününe  düşýä. Özüniň  bir  düşekde  ýatanja  gelnini  köçä  zyňyp göýbereni  ""çýorni-beloe  kaçestwodo"" göz  öňünde  janlanýa.
   Garaz,  bir  oýlanyp  görmeli,  eger  aýrylşmak dogry karar bolýan bolsa onda näme üçin aýrylşmadan soň obaň işan mollalaryny jemläp töwellaçylyga  gidýälerkän? Şolaram  başda  dogry  diýip  pikir  edendirä  aýrylşmagy!  Soň  bilinýändir  gadry! Eger gelniň gadryny bilmek isleseň sorap gör aýaly ölenden, sorap gör aýaly agyr keselliden! 
   Elimizdäkileriň  gadryny  wagtynda  bileliň (bolmasa işan agany myhmançylyga äkitmeli bolýaň)! Erkek diýen adymyza mynasyp bolalyň! Köçä zyňmalyň bagtymyzy!
Awtor:@Garadaşly
Aýrylşma kim günäkär?
- 
                Yaash
                6 years ago
                
- Erkege mähiri  oziniň ýanyndaky dälde başga biri berse şonda ikilik edýar we şular ýaly meseleler döreýär!!!
 Gyzlar halypamyň ýazanlaryny okap mes bolmaň
- 
                SiziňÝalyBiri
                6 years ago
                
- Kimde nahili pikir?
- 
                Cxase
                6 years ago
                
- 1. Ynam
 2. Sylag
 3. Soygi
 Gorsene durmus nahili ajayyp yasanyna degyar.☺️🙂
SiziňÝalyBiri 6 years ago- eger pikirleriňiz bar bolsa hökman paýlaşyň, (nesil terbiýesine ýardam bor)