Gülküli sahnalaryň ussady Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi AKMYRAT BÄŞIMOWY ýatlap!
Guýmagursak zehin, gülküli keşpleriň ussady Akmyrat Bäşimow 1937-nji ýylyň 11-nji Oktýabr Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynda dünýä inýär. Ol orta mekdebi tamamlap, 1955-57-nji ýyllar aralygy Marynyň lukmançylyk okuwynda okaýar. Soňra 1957-61-nji ýyllarynda Bakuda jemgyýetçilik arassaçylygyny hem-de saglygyny goramak çäreleri ýokary okuw jaýynda bilim alýar. Ony tamamlap, lukman bolup zähmet çekip başlan Akmyradyň sungat älemine aralaşmagyna söwer dosty, şol wagtlar telewideniýäniň çagalar bölüminde režissýor bolup işlän Bäşim Gurbanow sebäp bolýar. Bäşim çagalar üçin niýetlenen “Bilbiljik " atly oýny sahnalaşdyrmakçy bolanda, ondaky kiçiräjik keşpleriň birine özüniň köne dosty, lukman bolup işleýän Akmyrady çagyrýar. Akmyrat Bäşimow janlandyran şol keşbi telewideniýäniň çeperçilik geňeşi tarapyndan oňat kabul edilýär. Akmyradyň döreden keşbiniň jüpüne düşendigi bellenilýär. Şondan soňra milli telewideniýäniň režissýorlary Akmyrady ýygy-ýygydan öz goýýan oýunlaryna çagyryp başlaýar. Şol wagtlar telewideniýäniň edebi-drama bölüminde režissýor bolup işleýän, "Kötek we degişme", "Ýartygulak" ýaly telewizion žurnallary taýýarlaýan, oýun goýýan režissýorlar Baba Annanow, Orazdurdy Hojaýew, Öwlüýäguly Kulyýew, Hommat Kakajanow, Allaberdi Meläýew, Gurbannazar Atakgaýew dagy Akmyrat Bäşimow bilen işleşmegi özlerine bagt hasap edipdir.
Sebäbi Akmyradyň gatnaşmagynda oýun taýýarlamagam, onuň bilen bile çykyş etmegem ýeňil bolupdyr. Çünki Akmyratda tebigy zehin bar diýip, olar belleýärler. Ol göýä, sungat üçin dünýä inen ýaly eken. Ine şeýlelikde bilen, täze bir ussat artistiň ýüze çykanlygy barada, şol döwrüň metbugaty ýygy-ýygydan ýazyp başlaýar. Şeýdibem Akmyrat kino režissýorlarynyň gözüne ilip ugraýar. Şeýlelikde, Akmyrat üçin kino sungatyna giň ýol açylýar. Akmyradyň kino sungatynda ilkinji ýerine ýetiren keşbi Tahyr Sabyrowyň "Şasenem we Garyp" atly çeper filminde patyşanyň nökeriniň keşbi bolýar. Ol keşp bary ýogy iki gezek orta ululykda görünýär. Muňa garamazdan, Akmyrat Garybyň agyr halyna bolan gynanjyny bermegi başarypdyr. Şondan soň Akmyrat Bäşimow yzly-yzyna filme çagyryp başlaýarlar. Ol "Türkmenfilm" birleşiginde 30-dan gowrak filmde ululy-kiçili keşplerde çykyş edýär. Olardan "Aýgytly ädim", "Şasenem we Garyp", " Ýartygulak", "Japbaklar", "Guşgy galasy", "Meniň dostum Meleguş", "Döwranyň başdan geçirenleri", "Ölüm ýokdur oglanlar" , "Laçyn", "Çöllük", "Bortuň aňyrsyndaky adam", "Ýanýan arabanyň ýoly", "Horaz", "Maşyn gaçdy" atly çeper filmlerde döreden keşpleri megerem, kino muşdaklarynyň ýadynda bolsa gerek.
Adamkärçilik barada aýdylanda, ol dogan garyndaşlarynyň, dostlarynyň, ýoldaşlarynyň sarpasyny tutup bilýän belent adamdy. Sylaglydy, ony nirä barsa hormat bilen garşylardylar. Akmyrada işiň düşüp, bir zady haýyş edäýseň, şony bitirjek bolup, jany teni bilen ýapyşardy. Bitirip bilmese, gynanyp ötünç sorardy. Akmyradyň kakasy, ejesi ir aradan çykýar. Maşgalada ululary bolansoň, inilerini öýli-işikli etmek, jigilerini ýerleşdirmek Akmyradyň boýnuna düşýär. Ol bu meseläniň hem irginsiz aladasyny edip, olaryň her birini öýli-işikli, ylymly bilimli etmäge öz kömegini ýetiripdir. Hawa, Akmyrat Bäşimowyň janlandyrýan keşplerinde üýtgeşik täsin gülki bar. "Döwranyň başdan geçirenleri filminde, bagda asylyp goýlan tüpeňlerini aljak bolup, baga dyrmaşyp barýarkalar, Akmyradyň egnine aýagy bilen basyp duran Sary Garryýewe seredip, gülküsi tutup başlaýar. Netijede, olaryň üçüsi hem Akmyrat sebäpli ýere patlap düşýär. Ýa-da bolmasa "Aýgytly ädim" filmindäki Artygyň harmany paýlaýan sahnada özüne bugdaý ýetmände, Artygyň gaharyny getirip, gaçyp gidýän sahnasyny tomaşaçy bolup, şol bada ýylgyranyňy duýman galýarsyň. Onuň ýene-de bir ýatda galyjy gülküli keşpleriniň biri hem "Meniň dostum meleguş" filmindäki jigisi Alta eli tirsegi bilen gorkuzyp, hemle atýan ýeridir.
Akmyrat Bäşimow gysga, emma manyly ömür sürdi. Ol bary ýogy 42 ýaşap, 1979-njy ýylyň fewral aýynyň başynda aramyzdan gitdi. Gülküli sahnalaryň ussady, meşhur artist Akmyrat Bäşimow biziň ýüreklerimizde ömürlik ýaşar.
"Alibaba we 40 garakçy" hindi kinosy köpimiziñ ýadymazdadyr... şonda garakçylañ baştutany bir gözi dañyk Abuhasyñ rolyny hem Akmyrat Bäşim ýerine ýetirmeli eken ýöne kino düşürilşik başlamanka Akmyrat Bäşimow dünýesini täzeledi...
Akmyrat Hojaberdiýew. Türkmenistanyň kinematografiýaçylar birleşiginiň agzasy.