Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran Permany bilen döredildi.

2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli institutyň binalar toplumy ulanmaga berildi. Institutyň täze binalar toplumy Galkynyş meýdançasynyň gündogar çüňkünde, Galkynyş we Andalyp köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär.Bu binalar toplumy özüniň özboluşly inženerçilik çözgütleri we Gündogaryň özboluşly binagärlik gurluşyny özünde jemleýär. Täze binalar toplumy baş we okuw binalaryndan, 248 orunlyk talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýyndan hem-de döwrebap sport toplumyndan ybaratdyr. Binanyň umumy meýdany 31,532 m2 deňdir.

Institutyň baş binasy 3 gatdan ybarat bolup, ol rektoratdan hem-de Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, Halkara hukugy hünärleriniň talyplaryna bilim bermäge niýetlenen okuw otaglaryndan ybaratdyr. Binanyň aşaky gatynda arhiw, lukmançylyk otagy, inžener-tehniki gulluklaryň otagy, köpeldiji merkez ýerleşýär. 1-nji gatda Galkynyş otagy, işgärler bölümi, talyplar bölümi, institutyň jemgyýetçilik guramalarynyň iş otaglary, muzeý, nemes dili kitaphanasy ýerleşendir. Bu gatda 500 adama niýetlenen uly mejlisler zaly, 100 adamlyk protokol otagy hem-de 200 adamlyk kiçi mejlisler zaly ýerleşýär. Mejlisler otaglarynda sinhron terjime üçin niýetlenen kabinalar (otaglar) bar. Binanyň 2-nji gatynda dekanat, interaktiw tagtalar bilen üpjün edilen birnäçe okuw otaglary, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglary bar. 2-nji we 3-nji gatda Halkara gatnaşyklary kafedrasy, Halkara hukugy kafedrasy, Dünýä dilleri kafedrasy, Gumanitar we tebigy ylymlar kafedrasy, mugallymlaryň otaglary we abzallaşdyrylan okuw otaglary ýerleşýär. Binanyň 3-nji gatynda rektoryň we okuw işleri boýunça prorektoryň otaglary bar.

Daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek üçin niýetlenen lingafon, sinhron terjime otaglary, nemes dilindäki kitaplar ýygyndysy bolan kitaphana bar. Okuw otaglary interaktiw tagtalar bilen üpjün edilendir.

2008-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Horwatiýa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň, 2012-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamalara gol çekildi.

Institutyň talyplary ýurdumyzyň edaralarynda degişli tejribelikleri geçýärler. Mundan başga-da, institutymyzda dürli ylmy-amaly maslahatlary, dürli temalardan tegelek stollar we tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Institutyň mugallymlary hem-de talyplary ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlary guraýarlar.

Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň beden taýdan sagdynlygyny we sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň saglygyny berkitmek üçin ähli zerur şertler döredilendir. Okuw binasyna ýanaşyk gurlan häzirki zaman sport toplumy bolsa talyplaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna, dürli ugurdan sport ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde 300 adama niýetlenen ýapyk sport zaly, 30 adama niýetlenen türgenleşik zaly, küşt otaglary bar. Institutyň «Älem» talyplar sport kluby tarapyndan sport toplumynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän dürli sport bäsleşiklerine taýýarlanmak üçin zerur bolan türgenleşik işleri we ýaryşlar yzygider geçirilýär.

Baş binadan daşda bolmadyk 248 talyba niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýynda talyplaryň ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklar instituty daşary ýurt syýasat ulgamy aşagydaky hünärler boýunça belent hünärmenleri taýýarlaýar:

«Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa»;
«Halkara hukugy»;
«Halkara ykdysady gatnaşyklary»;
«Halkara žurnalistikasy».

Institutda 6 sany kafedra hereket edýär:

Halkara gatnaşyklary kafedrasy;
Halkara hukugy kafedrasy;
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy;
Halkara žurnalistikasy kafedrasy;
Dünýä dilleri kafedrasy;
Gumanitar we tebigy ylymlar kafedrasy.

Alynan çeşme: Laýndaky Bir söz topary.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir