Ýer ýüzündäki musulmanlar.


Islam, ylahy dinleriň iň soňkusydy bolup, onuň ýüze çykyşy we ýaýraýyşy subutnamalary bilen öwrenilendir. Pygamberlerimiz HZ. Muhammediñ durmuşy, beýleki Pygamberleriň durmuş kysmatlaryndan tapawutly bolup, ylmy ýollar arkaly ol içgin öwrenildi - ýazgylara geçirilipdi. Şol tarapdan hem taryhçylar üçin Yslam hakynda gürlemek, beýleki dinler barada aýtmakdan has ýeňildir.
Yslam - öz döreýşinden ýetmiş ýyla golaý gysga möhlet içinde kyn-da bolsa, uly - giň bir ýaýrama güýjüni görkezdi. Bu gün dünýä kartasyna seredenimizde, Indoneziýadan Atlantik ummanyna çenli ýaýran ullakan bir bölegiň Yslam ýurtlary tarapyndan paýlaşylandygyny görýäris. Günbatar Aziýa, Orta Aziýa, Ýakyn we Orta gündogar, Günorta we Orta Afrika, musulmanlaryň häkimiýeti astyndadyr. Ýewropa-da hem ýeterli ýagdaýda Musulmanlar bardyr. Arnawutlugyň 75%- i musulmandyr. Ýugoslawiýa, Bolgariýa we Gresiýa-da hem çogdamly Türk bolan zerur mukdarda Musulman ýaşaýandyr. Sowetler Birliginiň serhedinde galan Azerbaýjan, Gazakystan, Täjigistan we Özbegistan Musulmanlaryň toplum bolup ýaşadygy ülkelerdir. Bu ýerler din hasaby boýunça musulmanlar 80 % ini doldurýarlar. Musulmançylygy kabul etmedik 60 a golaý ýurtlarda hem ýeterlik mukdarda musulmanlaryň barlygy mälimdir.
1977-nji ýylda taýýarlanan hasaplamalara görä, bu gün ýer ýüzünde umumy 719.721.000 musulman ýaşaýandyr. Munuň ýarym milliarda golaýy Aziýa da, 100 milliony Afrikada ýaşaýarlar. Galany bolsa, Amerika ýer böleginde we Ýewropanyň dürli ýurtlarynda ýaşaýarlar. Awstraliýada hem 150 müň tõweregi Musulmanyň ýaşaýandygy bilinýär.
Aýratyn-da, täze özbaşdaklygyny gazanan Afrika ýurtlaryndaky Musulmanlaryň dolulygyna sany anyklanmadykdyr. Bilinşine görä, Günorta Afrika ülkeleri yslamyň dörän ýurdy hökmünde seredilýär. Sözüň manysy yslam bu materikde güýçli ýaýrama görkezýär welin "Musulman Afrika" nyň ýagdaýyny görkezen sanlar her ýyl üýtgeýär.



Awtor : Prof. Dr. Mehmet Aýdiniň "Lise we din kültüri we ahlak bilgisi -3" kitabynyň 63-64 sah. terjime edildi. Ankara-1986 ý
Türk dilinden terjime eden we elektron görnüşe geçiren : AHALLY

Bilim, AHALLY tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir