Apa atly nepally daga dyrmaşyjy Gimalaý dagynyň iň beýik nokady bolan Ewereste 21-nji gezek çykyp, özüniň öňki rekordyny täzeledi. Deňiz derejesinden 8850 metr beýiklikde ýerleşýän Ewereste ilkinji gezek 1989-njy ýylda çykan Apa bu belentlige ýene-de 9 gezek cykmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Ewereste ilkinji gezek 1953-nji ýylda Edmund Hillari (Täze Zelandiýa) bilen Tensing Norgeý (Nepal) çykypdylar. Häzire çenli bu beýiklige çykyp görenleriň sany 2500 adama golaýlaýar.

Köneler, Adiz tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir