Mähriban Eneme bu goşgy Musa Gyzylja (ghezeljeh) diýen Iranly bir şahyrdan. muny okymadyk armanda galjagyna şek etmesin! Mähriban Eneme gün ýerinden dogmaka ýerin ýygşyrýan enem sähär ir bilen Taňra salam gowşurýan enem altmyş ýylyň ýadawyn çekip ýatyr ýerinde dürli dürli arzuwlar gowga köpdi serinde arman kesel bent bolup dert edinip eňreýär daşyndäki balalaň aglaýşyny diňleýär namazlyk çyn ýoldaşy bakyp otyr böwürden göýä ol hem aňypder enem çykýar döwürden nähil agyr bolmaly enäniň çekýän derdi derdi güýçli bolmasa jydanyp hem gezerdi hemmelerden öň turup okyýardy namazyn görüň nähil enem bar bir eşitsenäň dogasyn ilki başdan sag bolsun ummat-y Muhammediň örän uzak ýaşasyn Kaka Ýusup Ahmadym isam musam ýene-de sag bolsun kerim körpäm wah haçan bir ýekämiň durmuş toýun görerkäm derdi güýçli bolmasa irden sagardy sygryn doldurardy bedresyn turuzardy ukudan ýatanlaryň hemmesin bezärdi syframyzy gyzgyn çörek süýt bilen alty ogul ýeke gyz bolardy bir üýşmeleň ertirligi iýerdik diňe ýuwaşlyk bilen günümizi başlardyk başlardyk hoşluk bilen arman derde galypdyr derdimizi göterýän agyr ýagday düşende tebip bolup oturýan tebip bolup oturýan Lukman bolup oturýan merhem bolup yaramyza derman bolup oturýan gülen bile gülüşýan aglan bile aglaşýan şat bolana şat bolup gamlyň derdin ????? ýatyr galyp bilmäni agyr derde duş bolup gidip barýar aradan gidip barýar hoşlaşyp gidip barýar hoşlaşyp ol täsipli enemiz indi mundan beýlesin ýaşamaly enesiz enejanym hoşlaşsa hoşlugymyz hem hoşlaşar üstümizi gam basyp gaýgymyza gam goşar gitse ýüzün görme ýok gitse sözün eştme ýok näm boldyka eneme gygyrsam hem eştenok janym ene jan ene böýle ýeriňde ýatma gözleriňi açsana böýle bizi aglatma gel ýene-de ene jan hoş güne dolanaýly putur oglanjyk bolup daşyňdan aýlanaýly Isa Musany wurma ýekämi de aglatma Kerim goýgun sesiňi ataň ýatyr oýatma baryň gyk bak ýerine Yusube iş edişiň ýa sesiňiz çykarman okuwňyza ýetişiň oglanlyk ?????? däl belki ösüp gitmeli bir gün ene ataňyz garryp ölüp gitmeli şonda boljak bolsaňyz batyr ogul mert ogul oglanlykdan daýanyp oglanlykdan ýort ogul gal enejan ýeriňden ýene öwüt ber bize awazyňy ýaňlandyr seç nuruňy öýmize goý ýene-de hüwdileň aramyzda ýaňlasyn ýokumly awazyňy agtyklaryň diňlesin gal ýeriňden enejan bir göwünlik bersene töwerege göz aýla kim gelipdir görsene dogan garyndaşlaryň bary üýşüp aglaýar Ak işan abadanyň goşgy goşup aglaýar Akjagül doganjygyň gözi ýaşdan dolupdyr bäş doganyň içinde ýeke bolup galypdyr bu ýalança gelenleň bary bör gün ölmeli biri öň ýa biri soň ahyr peýman dolmaly takdyra baş eňmekden göýä başga çäre ýok eziziňden aýrylsaň aglamasaň bolanok ýalançyny terk edip giden dönüp gelmeýär gelen gelýär bir gezek iki öwrülip gelmeýär meň hem enem dolanmaz gaýdyp gitse dünýäden şonda barça adamlar iman dilär Alladan barça göwünlik berip tesgin beren köp bolar ýöne haýsy bir doga maňa enedek bolar ol bellidir hiç bir zat tutmaz enäniň jaýyn enesizlik agyr dert indi nähil jydaýyn näme çäre eýläýin aýrylygyň derdinden ol bolanda ýanymda kemelerdi derdimden merhemdi ýaramyza dermandy ýaramyza öýmiziň çyrasydy gelşikdi aramyza ol bir ene de bolsa ata kimin ýortandyr örän agyr günlerde dadymyza ýetendir arman indi hiç bir zat bolup bilmeýär ene käşkem enem öwrülip yzyna gelse ýene aýagyndan ýapyşyp gider ýolun baglaryn janym ene jan ene gitme diýip aglaryn hiý çykarmak bolarmy ol günleri ýadymdan ukudakam baş urup habar alyp halymdan serpilen ýorganymy ýaňadandan burardy ukym bozulmasyn diýp penje üstüne ýörärdi indi halymy sorap baş ujumda kim durar tisginip oýanamda kim ýetişip suw berer enem gitse dünýäden hoşluk gider bizlerden ýaşlyk döwran gutaryp ýitip gider gözlerden emma hiç wagt ýitmez ýatlardan eziz adyň goşgusynda ýaşadar goşgy goşup zürýadyň Musa Gyzylja (ghezeljeh) Şu goşgyny Käräj şähristanynyň Terbiýet Muällim ýokar okuw jaýynyň dynç alyş öýünde, öýlän nahardan soňra goşamda, yüregim päsgel berip meni syrkawhana äkitdiler.

Köneler, ayratyn tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir