Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) 2026-njy ýyldaky oýun komissarlary üçin niýetlenen iki günlük okuw seminary geçirildi. Gurama agza assosiasiýalardan hünärmenleriň gatnaşmagynda geçen bu çärede Türkmenistana ýurduň Futbol federasiýasyndan Azat Annaorazow wekilçilik etdi. Seminaryň esasy maksady Merkezi Aziýada geçirilýän duşuşyklaryň guramaçylyk derejesini ýokarlandyrmakdan we ýokary hünärli oýun komissarlaryny taýýarlamakdan ybarat boldy. Okuw maksatnamasy FIFA-nyň we AFC-nyň resmi oýun komissary Kemal Tokabaýewiň we CAFA-nyň halkara derejeli bilermenleriniň ýolbaşçylygynda alnyp baryldy. Iki günlük okuwyň dowamynda oýun komissarlarynyň rollary we borçlary, ýaryşlaryň düzgünnamalary, oýundan öňki taýýarlyk, duşuşyklary geçirmek, KHBS we marketing bilen işleşmek, gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek (safeguarding), stadionlary gözden geçirmek, tertip-düzgüni goramak, FIFA-nyň ýaryş-logistika prosesini dolandyrmak ulgamy (FCMS) bilen işleşmek we hasabatlary düzmek ýaly mowzuklara seredildi. Şeýle hem gatnaşyjylar alnan bilimleri hakyky ýaryş şertlerinde barlamak üçin Merkezi respublikan stadionyna baryp gördi. Seminar barlag synaglary, şol sanda ýazmaça synaglar, iňlis dilini bilmek boýunça testler, FCMS ulgamy boýunça onlaýn synag we prezentasiýalar bilen tamamlandy. Maksatnamadan üstünlikli geçen dalaşgärler öňde duran sport möwsüminde CAFA-nyň oýun komissarlarynyň toparyna girer. Futbol komissary oýnuň guramaçylyk tarapyna jogap berýär. Ol stadionyň taýýarlygyna, düzgünleriň berjaý edilmegine, howpsuzlyk meselelerine we jogapkär gulluklaryň işlerine gözegçilik edýär, oýundan soň bolsa duşuşygyň geçirilişi barada resmi hasabaty taýýarlaýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir