Fransiýanyň üçünji ligasyndaky «Oban» we «Týonwil» toparlarynyň arasyndaky duşuşykda futbol taryhynda ilkinji gezek Football Video Support (FVS) ulgamy — VAR-yň ýönekeýleşdirilen görnüşi ulanyldy. «Týonwiliň» baş tälimçisi Žýulýen Fransuanyň haýyşy bilen emin pursadyň wideogaýtalamasyny seljerip, oýnuň eýýäm bäşinji minutynda «Oban» toparynyň goragçysy Bilel Tafnä gyzyl karty görkezdi. FVS ulgamynyň adaty VAR-dan esasy tapawudy — pursady gaýtadan gözden geçirmäge kömekçi eminler däl-de, toparyň baş tälimçisi çagyrýar. Muny etmek üçin ol barmagyny galdyryp, dördünji emine ýörite karty gowşurýar. Her topara duşuşygyň dowamynda diňe iki gezek şeýle sargyt etmäge rugsat berilýär. Eger-de gaýtadan seredileninden soň baş eminiň karary üýtgese, topar ýene bir gezek haýyş etmek hukugyny saklap galýar. Eger ilki gelnen karar üýtgewsiz galsa, ikilenç wideokömek sorap bolmaýar. Emini diňe dört ýagdaýda ekranyň öňüne çagyryp bolýar: gol bilen bagly pursatlarda, penalti bilen bagly pursatlarda, gönümel gyzyl kart berlen ýa berilmedik ýagdaýynda, oýunça ýalňyşlyk bilen duýduryş görkezilen ýagdaýynda. Ulgamyň guralyşy-da adaty VAR-dan tapawutly. Baş emin gaýtalanmalary meýdançanyň gyrasynda ýeke özi öwrenýär. Aýratyn otagda oýnuň wideosyny seljerip oturan kömekçi eminler göz öňüne tutulmadyk. FVS ulgamynyň esasan pes diwizionlarda ulanylmagyna garaşylýar. Şeýle ulgam juda gymmat düşýän adaty VAR-a çykdajy etmezden, wideokömek ulgamyndan netijeli peýdalanmaga şert döretmeli.