Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra çykan toparçalar kesgitlenildi. G toparça Täze Zelandiýa — Belgiýa — 1:5 Kanadanyň Wankuwer şäherindäki «Bi-Si Pleýs» stadionynda geçirilen oýun belgiýalylaryň uly hasaply ýeňşi bilen tamamlanyp, olar garşydaşyny derbi-dagyn etdiler. ýnuň 28-nji minudynda «Arsenalyň» ýarym goragçysy Leandro Trossard hasaby açdy, 50-nji minutda bolsa ol Hans Wanakeň geçiren pasyndan soň özüniň ikinji goluny urdy. 66-njy minutda Kewin De Brýuýne («Napoli») hasaby 3:0-e ýetirdi. Täze zelandiýaly Elaija Jast 84-nji minutda jogap goluny urmagy başardy, emma oýnuň ahyrynda Romelu Lukaku (86-njy minut, gol pasy Nikolýa Raskin) we Aleksis Salemakers (90+4-nji minut, gol pasy Lukaku) hasaby has-da artdyrdylar. Belgiýa toparda birinji orny eýeläp, 1/16 finala çykdy, Täze Zelandiýa bolsa 1 utuk bilen çempionaty tamamlady. Müsür — Eýran — 1:1 ABŞ-nyň Waşington ştatynyň Sietl şäherindäki «Lýumen Fild» stadionynda geçirilen örän dartgynly oýun deňlikde tamamlanyp, iki golam ilkinji 15 minudyň içinde salyndy. Eýýäm 5-nji minutda Mahmud Saber Müsür toparyny öňe çykardy. 11-nji minutda eýranly Mehdi Taremi penalti gazandy, emma ony gol edip bilmedi — derwezeban topy öz çep burçundan gaýtardy. Şeýle-de bolsa, 3 minutdan soň Ramin Rezaýan topy örän dar burçdan derwezäniň ýokarky ramyndan girizip, hasaby deňledi. Uzatma wagtda (90+3) emin Şoja Halilzadeniň Müsüriň derwezesine uran goluny ofsaýd sebäpli hasaba almady. Oýnuň diýseň çekeleşikli geçendigini görkezilen 7 sany sary kart hem subut edýär. Müsür 5 utuk toplap, ikinji orun bilen pleý-off tapgyryna ýol aldy, Eýran (3 utuk) bolsa indiki tapgyra garaşmak umydynda galdy. G toparçadaky jemleýji görkezijiler: Belgiýa — 5 utuk (gollar 6:2); Müsür — 5 utuk (gollar 5:3); Eýran — 3 utuk (gollar 3:3); Täze Zelandiýa — 1 utuk (gollar 4:10). H toparça Kabo-Werde — Saud Arabystany — 0:0 ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Hýuston şäherindäki «En-Er-Ji» stadionynda ýygnanan 69 müňe golaý tomaşaça bu oýunda gol görmekden «ät galdy». Kabo-Werdeniň futbolçylary oýunda az-kem artykmaçlyga eýe boldular we garşydaşyň derwezesine 15 zarba (2-si göni derweze sütünine) urdular, saudlylar bolsa muňa 7 zarba (3-si derweze sütünine tarap) bilen jogap berdiler. Derwezebanlaryň ynamly oýnamagy Kabo-Werde toparyna deňlik getirdi. Bu netije olara öz toparynda birjik-de utulman, ikinji orun bilen indiki tapgyra çykmaga mümkinçilik berdi. Saud Arabystany (2 utuk) bolsa dünýä çempionatyndaky çykyşyny tamamlady. Urugwaý — Ispaniýa — 0:1 Meksikanyň Zapopan şäherindäki «Akron» stadionynda geçirilen duşuşygyň ykbalyny oýnuň 42-nji minutynda Markos Lorenteniň pasyndan soň Aleks Baenanyň uran goly çözdi. Birinji ýarymyň ahyrynda urugwaýly goragçy Manuel Ugarte şikes alyp, meýdançany zambilde terk etmeli boldy. Oýnuň 90+4-nji minutynda urugwaýly Agustin Kanobbio gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy. Ispaniýa 7 utuk toplap, ynamly ýagdaýda 1/16 finala geçdi, Urugwaý bolsa 2 utuk bilen üçünji ýerde galdy we ýaryşdan çykdy. H toparçadaky jemleýji görkezijiler: Ispaniýa — 7 utuk (gollar 5:0); Kabo-Werde — 3 utuk (gollar 2:2); Urugwaý — 2 utuk (gollar 3:4); Saud Arabystany — 2 utuk (gollar 1:5). I topaça Norwegiýa — Fransiýa — 1:4 Ýyldyz düzümlerinden ybarat Fransiýa, Foksboro şäherindäki «Jillett» stadionynda Erling Holandsyz oýnan Norwegiýany uly hasap bilen ýeňdi. Oýnuň 7-nji we 20-nji minutlarynda Usman Dembele Mbappeniň paslaryndan soň iki gezek tapawutlandy. 21-nji minutda norwegiýaly Telo Osgor Andreas Şelderupyň pasyndan soň hasap tapawudyny azaltdy. Emma 32-nji minutda Dembele Aurelien Tçuameniniň pasyny gola öwrüp, hettrik etdi. «Altyn topuň» häzirki eýesi Dembele 7-nji we 32-nji minutlaryň aralygynda biri-birine meňzeş üç sany owadan gol urdy. Futbolçy uran üçünji goly mynasybetli özüniň PSŽ-däki gürji klubdaşy Hwiça Kwarasheliýanyň stilinde şatlandy. Ikinji taýmda norwegiýaly Ýorgen Strann Larsen penaltini gola öwrüp bilmedi. Oýnuň iň soňky nokadyny bolsa 90+4-nji minutda Bredli Barkolanyň pasyndan soň Dezire Due goýdy. Fransiýa topardan 100 göterimlik netije bilen çykdy. Senegal — Yrak — 5:0 Kanadanyň Toronto şäherindäki «Bi-Em-O Fild» stadionynda Senegalyň futbolçylary Yragyň ýygyndysyny maý bermän ýeňdiler. Habib Diarra 4-nji minutda hasaby açdy (gol pasy Abdulaýe Sek). 13-nji minutda yraklylar meýdançada bir oýunçy kem galdylar – Rebin Sulaka gyzyl kart aldy. Ikinji ýarymda Senegal san taýdan artykmaçlygyndan doly peýdalandy: Ismaila Sarr (56-njy minut), Pap Geýe (59-njy we 71-nji minutlar) tapawutlandylar, oýuň iň soňky nokadyny bolsa 82-nji minutda hüjümçi Iliman Ndiaye goýdy. Senegal garşydaşynyň derwezesine 28 zarba (12-si derwezä tarap) urdy, Yragyň derwezebany bolsa toparyny ýene 7 goldan halas etdi. Senegal 3 utuk bilen üçünji ýerde galdy. I toparçadaky jemleýji görkezijiler: Fransiýa — 9 utuk (gollar 10:2); Norwegiýa — 6 utuk (gollar 8:7); Senegal — 3 utuk (gollar 8:6); Yrak — 0 utuk (gollar 1:12). 3-nji ýeri eýelän toparlaryň häzirki ýagdaýy (pleý-offa çykmaga dalaş edýän iň gowy 8 topar): Şwesiýa — 4 utuk (gollar 7:7); Ekwador — 4 utuk (gollar 2:2); Bosniýa we Gersegowina — 4 utuk (gollar 5:6); Paragwaý — 4 utuk (gollar 2:4); Senegal — 3 utuk (gollar 8:6); Eýran — 3 utuk (gollar 3:3); Günorta Koreýa — 3 utuk (gollar 2:3); Şotlandiýa — 3 utuk (gollar 1:4). DÇ-2026-nyň häzirki wagtda iň köp gol uran top-10 oýunçysy (bombardirler): Lionel Messi (Argentina) — 5 gol Kilian Mbappe (Fransiýa) — 4 gol Erling Holand (Norwegiýa) — 4 gol; Winisius Žunior (Braziliýa) — 4 gol; Usman Dembele (Fransiýa) — 4 gol; Deniz Undaw (Germaniýa) — 3 gol; Ýohan Manzambi (Şweýsariýa) — 3 gol; Mateus Kunýa (Braziliýa) — 3 gol; Jonatan Dewid (Kanada) — 3 gol; Ismael Saýbari (Marokko) — 3 gol. Toparçadaky 3-nji tapgyryň ýakyn wagtda geçiriljek oýunlarynyň tertibi (ählisi 28-nji iýunda): J toparça (başlanýan wagty 07:00): Iordaniýa – Argentina, Alžir – Awstriýa. K toparça (04:30): Kongo DR – Özbegistan, Kolumbiýa – Portugaliýa. L toparça (02:00): Horwatiýa – Gana, Panama – Angliýa.